Goçdaş

Image

Taslama barada

Kim?

Gochdash

Näme?

Ykjam programma, biznes-prossesleri awtomatlaşdyrma

Haçan?

Oktýabr 2021

Müşderi : Goçdaş


Kurator : Roman Ikonnikow


IT çözgütleri : Emil Rustamow


Mazmuny: Myrat Ödäýew
Pawel Şewçenko

Goçdaş 2005-nji ýylda esaslandyryldy. Esasy gurlar: import edilýän we ýerli önümçilik gurluşyk materiallaryny daşap getirmek. Kompaniýanyň müşderileri hem dükan, hem-de web sahypasy arkaly önüm sargyt edip biler. Häzirki wagtda assortimentde 200-den gowrak harytlar bar, olar 500-den gowrak söwda nokatlarynda gurluşyk satylýar. Kompaniýa ösüşiň indiki tapgyryna geçmäge taýýardyr. Kompaniýa telekeçiligi dolandyrmakda ýokary tehnologiýaly çemeleşmäni ulanýar we Türkmenistanda gurluşyk materiallaryny iň ösen distribýutor kompaniýalardan biridir. Bu kompaniýa häzirki zaman tehnologiýalaryna esaslanýan öndürijiler, üpjün edijiler, satyjylar we alyjylar arasynda ýeke-täk merkez hökmünde özüni görkezýär. Adaty ugurlar we paýlaýyş kanallary bilen bir hatarda işleýärler hem-de tejribelerine, bilimlerine we gurallaryna baglap onlaýn söwda bilen meşgullanýar

"Arassa Nusga" kompaniýasyna gurluşyk kompaniýasy üçin korporatiw web sahypasyny döretmek, mazmun bilen doldurmak, dolandyryş amallaryny optimizasiýa we awtomatlaşdyrmak üçin ykjam programma bilen üpjün etmek wezipesi berildi.

 

  • Korporatiw web sahypasyny döretmekmek;
  • Ygtyýarly dolandyryş buhgalteriýa ulgamyny Logo ERP Go 3 ornaşdyrmak;
  • Satuw we maliýe boýunça maslahat bermek;
  • Işgärleriň kärini ýokarlandyrmak üçin trein-maslahat beriş çäreleri geçirmek;
  • Biznes-analitika gurallaryny ösdürmek;
  • Dolandyryş hasabatynyň (paýnamalar, satuwlar, karzlar, kassa we bank) ykjam programmany ösdürmek;

Tamamlanan Işleri

Awtomatlaşdyrma:

• ERP

Logo ERP ulgamy ornaşdyrmagy : ammarlardaky harytlaryň balansyna gözegçilik etmek, aksiýalary meýilleşdirmek, resminamalaryň akymyny ýönekeýleşdirmek we el zähmetini azaltmak, adam faktory bilen baglanyşykly ýalňyşlyklary çözmek;

Korporatiw web sahypa:

Korporatiw web sahypasy üç dilde  (Iňlis, Türkmen, Rus) işlenip düzüldi we dizaýn edildi, ähli işgärler üçin giň işleýär. Saýtdaky maglumatlar, ýerleşýän ýerine baglylykda giriş derejeleri bilen tapawutlanýar. Sahypada: habarlar iýmiti, aragatnaşyk formasy moduly, bellik buludy, önümleriň katalogy, hasabat ulgamy, kompaniýa barada maglumat.

• SEO

Sahypany internetde tanatmak we sahypany gözleg sistemalarynda indekslemek üçin birnäçe işler geçirildi

• WEBP

Grafikany kämilleşdirmek, häzirki zaman şekil formatlaryny ornaşdyrmak

• Uýgunlaşma

Web sahypalary kompýuterde ýa-da noutbukda, hem-de smartfonlarda we planşetlerde ajaýyp görünýär

Mobil (ykjam) programma:

Goçdaş işgärleri tarapyndan içerki ulanmak üçin bir programma taýýarlandy we işlenip düzüldi. Işleýşi taýdan ähli işgärler üçin giň mümkinçiliklere eýe. Programmadaky maglumatlar, ýerleşýän ýerine baglylykda giriş derejeleri bilen tapawutlanýar.

• Daşbordlar

Daşbord ulgamy ösdürilmegi, kompaniýanyň ýolbaşçylaryna we işgärlerine tablisalary doldurmakdan has möhüm meseleleri çözmek üçin wagt tygşytlamaga mümkinçilik berdi. Şeýle hem maglumatlaryň dogrulygyny we aýdyňlygyny üpjün etdi

Kämilleşdirme:

• SOP

SOP ulgamy kompaniýadaky ähli işgärler üçin belli bir maksada ýetmek üçin yzygiderli ädimler toplumyny kesgitlemek bilen amallary tertipleşdirmäge kömek etdi

• KPI

KPI-leriň bolmagy zähmetiniň we girdejiniň netijäni şeýle hem biznes dolandyrylyşyny ýokarlandyrdy.