Kompaniýanyň habarlary

6 July 2026

Arassa Nusga

Işewürlik üçin sanly çözgütler: häzirki zaman gurallary barada amaly webinarlar tapgyry

6 July 2026

Arassa Nusga

        

Biz gözegçilik, seljeriş we işewürligi awtomatlaşdyrmak üçin häzirki zaman gurallaryna bagyşlanan birnäçe webinar geçirdik.

Tapgyryň çäginde MEGACOUNT, AKINSOFT we Bitrix24 çözgütleri boýunça üç sany amaly onlaýn duşuşyk geçirildi. Gatnaşyjylar sanly gurallaryň satuwlary, müşderileri, ammary, wezipeleri we içerki iş proseslerini has netijeli dolandyrmaga nähili kömek edýändigini öwrendiler.

MEGACOUNT boýunça geçirilen duşuşykda müşderileri sanamak ulgamynyň hakyky müşderi akymyny görmäge, konwersiýany bahalandyrmaga we takyk maglumatlaryň esasynda dolandyryş kararlaryny kabul etmäge nähili ýardam berýändigi ara alnyp maslahatlaşyldy.

AKINSOFT boýunça geçirilen webinarda ERP ulgamynyň satuwlary, ammary, kassa amallaryny, hasaba alyşy we maliýe bir bitewi giňişlikde birleşdirmek mümkinçilikleri bilen tanyşdyryldy. Şeýle hem ulgamyň demo wersiýasyny nädip gurnamaly we işe başlamaly görkezildi.

Jemleýji onlaýn duşuşyk Bitrix24 platformasyna bagyşlandy. Gatnaşyjylar platformanyň müşderiler bilen işi guramaga, prosesleri awtomatlaşdyrmaga, wezipeleri dolandyrmaga we toparyň işine gözegçilik etmäge nähili kömek edýändigini öwrendiler. Şeýle hem demo wersiýany gurnamak we sazlamak boýunça ilkinji ädimler görkezildi.

Webinar tapgyry işewürlik eýeleri, satuw bölümleriniň ýolbaşçylary, administratorlar we dükan dolandyryjylary, şeýle hem müşderiler, hasaba alyş, ammar we içerki iş prosesleri üçin jogapkär hünärmenler üçin peýdaly boldy.

Ähli gatnaşyjylara gyzyklanmalary we işjeň gatnaşandyklary üçin minnetdarlyk bildirýäris. Işewürlige netijeli sanly çözgütleri ornaşdyrmaga ýardam etmek maksady bilen peýdaly okuw çärelerini geçirmegi dowam etderis.

Soňky habarlar

Hasabat ulgamynyň maglumatlaryna esasynan analitika

06.04.2026

Arassa Nusga – Türkmenistanda ikinji ýyl yzygiderli Bitrix24 ulgamynyň gutulaýyn görnüşiniň satuwy boýunça birinji ýere eýe boldy!

24.02.2026

Arassa Nusga we Seda Medical saglyk ulgamyny sanlylaşdyrmak boýunça strategik hyzmatdaşlygy baglaşdylar

13.10.2025

Biz ISO 9001:2015 halkara standartyny ornaşdyrdyk – ulgamlaýyn hil dolandyryşa tarap möhüm ädim

05.06.2025

«Işewürlik pulsda» forumy: sanlanyşdyrma – türkmen biznesi üçin ösüş nokady

12.05.2025

Arassa Nusga — Bitrix24-iň satuw we ornaşdyryş boýunça Türkmenistanda lider

14.02.2025