Kompaniýanyň habarlary

15 October 2026

Arassa Nusga

«Saglygy goraýyş, bilim we sport – 2026» atly halkara sergi

15 October 2026

Arassa Nusga

        

2026-njy ýylyň 10-12-nji oktýabry aralygynda Aşgabat şäherinde «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe saglygy goraýyş, bilim we sport» atly halkara sergi we ylmy maslahat geçirildi.

Biziň kompaniýamyz bu çärä işjeň gatnaşyp, özüniň innowasion önümini – emeli aň tehnologiýalaryna esaslanýan maslahatçyny tanyşdyrdy. Bu çözgüt aragatnaşyk işlerini awtomatlaşdyrmak, ýüz tutmalary tiz we netijeli işlemek hem-de müşderilere hyzmat etmegiň hilini ýokarlandyrmak üçin niýetlenendir.

Serginiň maksatnamasy tehnologik çözgütleriň tanyşdyrylyşlaryny, bilermenleriň çykyşlaryny, ussatlyk sapaklaryny, şeýle hem kärhana-ara we döwletara görnüşindäki işewürlik duşuşyklaryny öz içine aldy. Saglygy goraýyş we bilim ulgamlaryna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmaga, sport lukmançylygyny ösdürmäge hem-de okatmagyň döwrebap usullaryna aýratyn üns berildi. Ylmy maslahatyň dowamynda hünärmenler kardiologiýa, hirurgiýa we dürli ugurlarda innowasion çözgütleri ulanmak boýunça gazanylan täze üstünlikleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Biziň üçin iň ähmiýetli wakalaryň biri hem hödürlän önümimiziň ýokary baha mynasyp bolmagy boldy. Bu işläp taýýarlama sergä gelen myhmanlaryň we gatnaşyjylaryň uly gyzyklanmasyny döretdi, hünärmenleriň ünsüni özüne çekdi hem-de innowasion çemeleşmesi, amaly peýdasy we emeli aňy ulanmak boýunça giň mümkinçilikleri bilen ýokary baha eýe boldy.

Çäräniň dowamynda biz akylly kömekçimiziň funksional mümkinçiliklerini sergä gelen myhmanlar bilen tanyşdyrdyk. Şeýle hem döwrebap tehnologiýalaryň müşderiler bilen aragatnaşygy ýönekeýleşdirmäge, ýüz tutmalary gaýtadan işlemegi awtomatlaşdyrmaga we gündelik işewürlik prosesleriniň netijeliligini ýokarlandyrmaga nähili ýardam berýändigini görkezdik.

Sergä gatnaşmak bize diňe bir öz işläp taýýarlan önümimizi giň köpçülige tanyşdyrmaga däl, eýsem tejribe alyşmaga, täze işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmaga we geljekki hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmaga hem şert döretdi.

Çözgüdimiziň ýokary baha mynasyp bolmagy tutuş toparymyz üçin möhüm üstünlikdir. Bu ýagdaý döwrebap tehnologik işläp taýýarlamalara bolan gyzyklanmanyň barha artýandygyny görkezýär we bizi täze taslamalary durmuşa geçirmäge ruhlandyrýar.

Sergiden alan täsirlerimiz, ýola goýlan täze gatnaşyklar we oňyn synlar öňe gitmegimiz üçin goşmaça höwes döretdi. Şeýle çäreleriň hyzmatdaşlygy giňeltmek, täze pikirleri alyşmak we batyrgaý tehnologik çözgütleri durmuşa geçirmek üçin täze mümkinçilikleri açýandygyna ynanýarys!

Soňky habarlar

Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi – 2026-njy ýyl

18.09.2026

KIDS EXPO 2026: täze pikirler, tehnologiýalar we ylham

25.08.2026

Işewürlik üçin sanly çözgütler: häzirki zaman gurallary barada amaly webinarlar tapgyry

06.07.2026

Hasabat ulgamynyň maglumatlaryna esasynan analitika

06.04.2026

Arassa Nusga – Türkmenistanda ikinji ýyl yzygiderli Bitrix24 ulgamynyň gutulaýyn görnüşiniň satuwy boýunça birinji ýere eýe boldy!

24.02.2026

Arassa Nusga we Seda Medical saglyk ulgamyny sanlylaşdyrmak boýunça strategik hyzmatdaşlygy baglaşdylar

13.10.2025

Biz ISO 9001:2015 halkara standartyny ornaşdyrdyk – ulgamlaýyn hil dolandyryşa tarap möhüm ädim

05.06.2025

«Işewürlik pulsda» forumy: sanlanyşdyrma – türkmen biznesi üçin ösüş nokady

12.05.2025

Arassa Nusga — Bitrix24-iň satuw we ornaşdyryş boýunça Türkmenistanda lider

14.02.2025