Consulting TM — Türkmenistanyñ Ykdysatçylar birleşiginiň ýanyndaky Maslahatçylar bölüminiň resmi platformasy bolup, ol ýurtdaky telekeçileri goldamak maksady bilen biznes-maslahatçylary we hyzmatdaş kompaniýalary birleşdirýär.
Wezipe: amatly administratiw panel bilen maslahatçylaryň we hyzmatdaşlaryň köp dilli sanly katalogyny döretmek. Möhüm talaplar — hünär ugurlary boýunça filtrleme, taslamalaryň hyzmatdaşlaryna we birnäçe maslahatça baglanyşyk, hem-de wakalar bölümi.
Mazmuny özbaşdak dolandyrmak üçin doly mümkinçilikli admin-panel bilen häzirki zaman katalog-saýt işlenip taýýarlandy. Hünärmenleri we kompaniýalary hünärmenlik ugurlary boýunça amatly filtrleme, birnäçe dili goldamak, taslamalar we baglanyşyklar bilen maslahatçylaryň we hyzmatdaşlaryň kartlary amala aşyryldy.
Platforma biznesiň zerur ugurlar boýunça hünärmenleri tiz tapýan we häzirki wakalary yzarlaýan merkezi ýere öwrüldi. Taslama Maslahatçylar bölüminiň sanly giňişlikdäki ornuny berkitdi hem-de Türkmenistanda telekeçiler bilen hünärmenleriň arasyndaky özara gatnaşygy ýönekeýleşdirdi.