2025 ýyl

Aetrex

Aetrex

Müşderi we proýektiň maksady

                

Aetrex-iň Türkmenistandaky resmi wekili – täze açylan premium derejeli ortopedik aýakgap dükany. Bu ýerde aýak saglygyny goramaga kömek edýän: gündelik geýilýän aýakgaplardan başlap sport krossowkalaryna çenli hem-de ortopedik petekleriniň asyl nusga modelleri satylýar. Esasy aýratynlygy – ýörite aýak skaneri arkaly her bir müşderi üçin şahsy saýlaw mümkinçiligi bardyr.

Maksatlar

  • Täze dükanda ätiýaçda duran harytlara, satuwlara we maliýe akymlaryna operatiw gözegçilik etmek üçin maliýe we dolandyryş hasaba alyş ulgamyny ornaşdyrmak;
  • Maliýe meýilnamalaşdyrylyşynyň takyklygyny ýokarlandyrmak üçin hasabatlaryň we maglumatlaryň seljermesiniň awtomatlaşdyrylmagyny üpjün etmek;
  • Işe girizmek döwründe ýalňyşlyklaryň töwekgelçiligini azaltmak we açylandan soň üznüksiz işlemegi üpjün etmek üçin işgärleri programma üpjünçiligini netijeli ulanmaga taýýarlamak.
Aetrex

Proýektiň netijesi

                 
  • Bölek satuw üçin uýgunlaşdyrylan görnüşinde Türkiýäniň Akinsoft (Wolvox) ERP ulgamy üstünlikli ornaşdyryldy we sazlanyldy: ätiýaçda duran harytlaryň dolandyryşy awtomatlaşdyryldy, satuw üçin POS-terminal ulgamlary gurnaldy we onlaýn dükanyna integrasiýa ýola goýuldy;
  • 5 işgäre okuw geçirildi – okuw, esasy bölek satuw modullaryna ugrukdyrylyp (satuw, inwentarizasiýa, hasabatlar), ulgamy özleşdirmek wagty 4 güne çenli gysgaldy;
  • Açylyş döwründe we ilkinji aýlarda tehniki goldaw berildi.