Kompaniýanyň habarlary

14 February 2025

Anastasiya Japbarova

Arassa Nusga — Bitrix24-iň satuw we ornaşdyryş boýunça Türkmenistanda lider

14 February 2025

Anastasiya Japbarova

        

Bitrix Awards Central Asia 2024 ýyllyk baýragynda Arassa Nusga kompaniýasy Türkmenistanda Bitrix24-iň gutylaýyn görnüşiniň satuwy boýunça birinji orny eýeledi. Bu diňe bir sylag däl — bu köp sanly kompaniýalaryň öz işlerini awtomatlaşdyrmak üçin bizi saýlandygynyň ynam alamatydyr. Biz Türkmenistandaky kompaniýalara dünýä derejesindäki CRM ulgamynyň üsti bilen ösmegine we kämilleşmegine ýardam berýändigimiz bilen buýsanýarys.

Näme üçin bizi saýlaýarlar?

ARASSA NUSGA diňe bir programma üpjünçiligini satmaýar. Biz siziň iş maksadyňyzy doly seljerip, kynçylyk döredýän ýerleri anyklap, hakykatdan hem netijeli çözgütleri teklip edýäris. Maksadymyz — Bitrix24 ulgamynyň size ösüşiň ygtybarly guraly bolmagydyr. Biz ulgamy siziň islegleriňize görä sazlaýarys, başdan ornaşdyrýarys we toparyňyzy bu ulgamdan doly peýdalanmagy öwredýäris. Şeýle çemeleşmämiz sebäpli, biz Bitrix24 gutylanan görnüşindäki programma üpjünçiliginiň Türkmenistandaky öňdebaryjy satyjysy bolup çykdyk we hünär derejämizi yzygiderli subut etmeklige çemeleşýäris.

Bitrix24 ulgamynyň hyzmatdaşy bolmak nämäni aňladýar?

Bitrix24 – bu iş dolandyryşy üçin zerur ähli zatlary birleşdirýän köpugurly ulgam: CRM, taslamalary dolandyrmak, işleriň akymyna gözegçilik etmek, web sahypalary döretmek, internet dükany açmak we ş.m. Bitrix24 hyzmatdaşlygy – resmi sertifikaty eýelemek we ulgamyň çuňňur bilimli bolmaklygyny aňladýandyr. Bu bolsa Arassa Nusga kompaniýasynyň diňe ulgamy sazlamak bilen çäklenmän, çylşyrymly wezipelere laýyk gelmek mümkinçiliginiň bardygyny tassyklaýar. Biz täzelikleri we täze gurallary yzygiderli öwrenýäris, şonuň üçin siz ulgamyň ähli mümkinçiliklerinden peýdalanyp biljekdigiňize ynamymyz bar.

Toparymyz ähli işleri öz üstüne alýar: siziň işiňiziň ähli tapgyrlaryny öwrenmekden başlap, telefon, e-poçta ýa-da habarlaşyk ulgamlary bilen doly utgaşdyrma çenli. Şeýle hem işgärleriňizi ulgamy ulanmakda öwredýäris we tehniki goldaw berýäris – ähli zat durnukly we bökdençsiz işleýär.

Bitrix24 siziň işiňize nähili kömek edýär?

Bitrix24 bilen işlemek siziň işiňizi öwrenmekden başlanýar. Biz siziň nädip işleýändigiňizi, wagty ýa-da mümkinçilikleri nirede ýitirýändigiňizi anyklaýarys we gerekli bolan çözgütleri teklip edýäris. Soňra ulgamy ähli iş prosesiňiz üçin merkezi dolandyryş nokady hökmünde sazlaýarys: geleşikleri yzarlaýarys, müşderiler bilen aragatnaşyk gurýarys, taslamalary meýilleşdirýäris we maglumatlary analiz edýäris.

Esasan hem Bitrix24 ulgamynyň gutylanan görnüşi aýratyn meşhurdyr. Bu görnüşde biz öňdebaryjy kompaniýa adyna eýe bolduk. Bu görnüşde kompaniýalar öz maglumatlaryny öz serwerinde saklamak we ulgamy doly gözegçilikde almak isleýän kompaniýalar üçin örän amatlydyr. Ulgam ýokary derejeli howpsuzlygy we çeýeligi birleşdirýär – bu bolsa uly guramalar üçin örän wajypdyr.

Näme üçin Bitrix24 iň gowy saýlaw?

  • Islendik ululykdaky we ugurdaky biznes üçin laýyk.
  • Ýurdumyzyň içinde Arassa Nusga kompaniýasyndan ýerli tehniki goldaw.
  • Bitrix Awards Central Asia 2024 ýeňişimiz ygtybarlylygyň subutnamasydyr.

Ynamyňyz üçin ähli hyzmatdaş kompaniýalary sag bolsun aýdýarys!

Arassa Nusga kompaniýany öz işini sanlylaşdyrmak üçin saýlan ähli müşderilerimize tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýäris. Bitrix Awards Central Asia 2024 ýeňşimiz — bu siziň ynamyňyzyň we bilelikdäki zähmetimiziň netijesidir. Biz şunuň bilen çäklenmän, işiňizi has tiz we netijeli ösdürmek üçin kämilleşmegi dowam etdirýäris.

Biznesiňizi Bitrix24 bilen täze derejä çykarmaga siz taýynmy? Arassa Nusga bilen habarlaşyň – size üstünlik getirjek CRM ulgamyny ornaşdyrmaga kömek ederis!

Soňky habarlar

Biz ISO 9001:2015 halkara standartyny ornaşdyrdyk – ulgamlaýyn hil dolandyryşa tarap möhüm ädim

05.06.2025

«Işewürlik pulsda» forumy: sanlanyşdyrma – türkmen biznesi üçin ösüş nokady

12.05.2025