Häzirki wagtda biz taslamalary dolandyrmak we satuw işi boýunça ösmegi isleýän kömekçi işgäri gözleýäris. Biziň maksadymy ähli gerekli ukyplara öwretmek, gurallar bilen paýlaşmak we hakyky taslamalar bilen işlemeklige itergi bermek.
Wezipeleriňiz:
– Müşderiler bilen aragatnaşyk saklamak: maglumatlary anyklamak, toplamak, wezipeleri toparyň arasynda paýlamak
– Müşderini ilkinji aragatnaşykdan taslamanyň başyna çenli bile alyp barmak
– Ilkinji duşuşyklara gatnaşmak, müşderiniň zerurlyklaryny kesgitlemek
– Resminamalary dolandyrmak: brifler, tehniki tabşyryklar,täjirçilik teklipleri, barlag sanawlary, protokollar
– CRM ulgamynda we task-gözegçilerinde ýagdaýlary täzelemek (biz Bitriks24 ulanýarys)
– Tehniki topar bilen wezipeleri ylalaşmak
– Wagty dolandyrmak, gatnaşyjylara ýatlatmalary dolandyrmak
– Geljekde dolandyryjy funksiýalaryny öz üstüňize almak: brifing, wezipe bermek, wagta we ýagdaýlara gözegçilik etmekBiz nämeleri teklip edýäris:
– Açyk höweslendiriş: esasy aýlyk + taslamalaryň ösüşi üçin bonuslar
– Okuw: hyzmatlar, iş prosesleri, satuw we dolandyryş boýunça
– Mentorçylyk: taslama dolandyryjysy bilen göni hyzmatdaşlyk
– Ösüş mümkinçilikleri: kömekçiden koordinatora, soňra taslama dolandyryjysyna çenli
– Gurallar: CRM, task-gözegçileri, nusgalar, ähli tapgyrda kömek
– Dürli müşderiler we uly göwrümli taslamalar bilen işleşmek mümkinçiligiBiziň üçin wajyp zatlar:
Zarur:
– Tertipli bolmak ukyby: taslamanyň wagtyna görä hereket etmek, maglumatlary tertipli saklamak
– Rus we türkmen dillerinde dogry geplemek we ýazmak
– Müşderini diňläp bilmek we onuň meselesine çözgüt hödürlemek
– IT we taslamalary dolandyrmak ugurlarynda ösmek islegi bar bolmakPeýdaly bolar:
– IT ýa-da B2B ugrunda satuw tejribeli
– Menejment, IT ýa-da marketing ugurlarynda bilimli
– Saýtlaryň, goşundylaryň, ERP/CRM ulgamlarynyň işini düşünmek ýa-da çalt öwrenmäge taýýarlyklySynag döwri:
– Dowamlylygy: 2 aý
– Maksat: hyzmatlar we satyş boýunça okuwy geçmek, kiçi taslamalary dolandyrmaga başlamak, mentor bilen bilelikde azyndan 1 taslamany ýapmakNädip ýüz tutmaly:
Özüňiz barada gysgaça beýan we CV-ňyz bilen gönümel öz okuw-ýolbaşçyňyza d.odayev@arassanusga.com salgysyna hat iberiň. Temasynda «Täze işgär: \adyňyz familiýaňyz\» diýip belläň.
