Lotta Distribution

Image

Taslama barada

Kim?

Lotta Distribution

Näme?

Awtomatlaşdyryş, Korporatiw web sahypasy, optimizasiýa, elektron söwda
 

Haçan?

Sentýabr 2020

Müşderi : Lotta Distribution


Kurator : Gulşat Petrosowa


IT çözgütleri : Roman Ikonnikow


Mazmuny: Emil Rustamow

"Lotta Distribution", 13 ýyldan gowrak wagt bäri Türkmen bazarynda distribusiýa işinde öňdebaryjylardan biri bolan tejribeli we tälimli kompaniýadyr."Lotta Distribution" iň täze iş tehnologiýasyna ygrarly.

Kompaniýa öndürijiler, satyjylar we alyjylaryň arasynda ýeke-täk merkez hökmünde özüni görkezýär, häzirki zaman tehnologiýalaryna esaslanyp, standart ugurlar we paýlaýyş kanallary bilen işleýär, tejribe we bilim sebäpli elektron söwda bilen işjeň meşgullanýar.

“Lotta Distribution” kompaniýanyň maksady - ýokary hilli önüm öndürijilere we alyjylara biri-birini tapmaga kömek etmek, aýry-aýry iş amallaryny awtomatlaşdyrýan özboluşly çözgütleriň durmuşa geçirilmegi netijesinde iri ulgam infrastrukturasynyň mümkin boldugyça ygtybarly we täsirli bolmagydyr.

"Arassa Nusga" kompaniýasyna korporatiw web sahypasyny döretmek we mazmun bilen başarnykly doldurmak, iş amallaryny kämilleşdirmek we web tehnologiýalaryny ulanmak ulgamlaryny ornaşdyrmak wezipesi berildi.

 

  • Korporatiw web sahypasyny döretmek;
  • Logo ERP Tiger 2 ulgamyny ornaşdyrmak;
  • Müşderi bilen gatnaşyklary dolandyrmak (CRM) ulgamyny ornaşdyrmak;
  • Standart iş proseduralaryny ösdürmek (SOP);
  • Daşbordlary ösdürmek;
  • KPI-leri we olary yzarlamagyň usullaryny ösdürmek;
  • B2B onlaýn dükany döretmek;
  • B2C marketpleýs döretmek;

Tamamlanan Işleri

Awtomatlaşdyryş:

• ERP

Logo ERP maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi: ammarlardaky harytlaryň balansyna gözegçilik etmäge, paýnamalary meýilleşdirmäge, resminamalaryň dolanyşygyny ýönekeýleşdirmäge we adam faktory bilen baglanyşykly ýalňyşlyklary hasaba almazdan el zähmetini azaltmaga mümkinçilik berdi.

• CRM

CRM-iň durmuşa geçirilmegi müşderi hyzmatynyň hilini ýokarlandyrmaga, satuwy ýokarlandyrmaga we umuman bazardaky abraýyny kämişlleşdirmäge kömek etdi.

• Daşbord

Daşbordlary kompaniýanyň ýolbaşçylaryna we işgärlerine tablisalary doldurmakdan has möhüm meseleleri çözmek üçin wagt tygşytlamaga mümkinçilik berdi. Şeýle hem maglumatlaryň dogrulygyny we aýdyňlygyny üpjün etdi.

Korporatiw web sahypa

Işgärler üçin korporatiw web sahypasy taýýarlandy we wizual dizaýn edildi. Onuň aňsatlyga görä, giň işleýşine eýedir. Saýtdaky maglumatlar, ýerleşýän ýerine baglylykda giriş derejeleri bilen tapawutlanýar. Sahypada: täzelikler nobaty, kontakt-forma moduly, bilim binýady, hasabat ulgamy, kompaniýa barada maglumat, şeýle hem boş iş ýerleriň sanawy bölümi bar.

• SEO

Sahypany internetde tanatmak we sahypany gözleg sistemalarynda indekslemek üçin birnäçe işler geçirildi

• WEBP

Grafikany kämilleşdirmek, häzirki zaman şekil formatlaryny ornaşdyrmak

• Uýgunlaşma

Web sahypalary kompýuterde ýa-da noutbukda, hem-de smartfonlarda we planşetlerde ajaýyp görünýär

Kämilleşdirme:

• SOP

SOP ulgamy kompaniýadaky ähli işgärler üçin belli bir maksada ýetmek üçin yzygiderli ädimler toplumyny kesgitlemek bilen amallary tertipleşdirmäge kömek etdi

• KPI

KPI-leriň bolmagy zähmetiniň we girdejiniň netijäni şeýle hem biznes dolandyrylyşyny ýokarlandyrdy.

Onlaýn söwda:

• B2B onlaýn dükany

Dukanym.com.tm öndürijileriň, üpjün edijileriň we dükan eýeleriniň b2b bazarydyr. Internetde haryt satmak üçin täze çözgüt. Sahypada dükan eýeleri dükanynda satmak üçin zerur harytlary çalt sargap bilerler we haryt üpjün edijiler önümlerini Türkmenistandaky söwda nokatlary arkaly satmak üçin goşmaça serişdeler alýarlar.

• B2C marketpleýs

Bazarym.com, Türkmenistanda öňdebaryjy b2c onlaýn söwda platformasydyr. Satyjylary öz işini ösdürmek üçin aňsat gurallar bilen üpjün edijilere millionlarça wepaly müşderiler bilen birleşdirmäge kömek edýär.
Image

info@arassanusga.com

Arzuw Biznes Merkezi, G. Kuliýew köçesi (Obýezdnoý) 2127, Aşgabat, Türkmenistan,
Image
Arzuw Biznes Merkezi, 744000, Aşgabat, Türkmenistan, G. Kuliýew köçesi, 24

info@arassanusga.com

+993 12 754480
+993 61 648605