Gülşat Petrosowa bilen söhbetdeşlik

Lotta Business Group-yň baş müdiri we Arassa Nusga konsalting kompaniýasynyň ýerine ýetiriji müdiri hanym Gülşat Petrosowa bilen söhbetdeşlik

POSTED AUGUST 1, 2022

Türkmenistanda BMGÖM tarapyndan SalamNews bilen bilelikde ýola goýlan “Geliň sanly tehnologiýalar barada söhbetdeş bolalyň” atly söhbetdeşligiň çäklerinde biz sanly özgerişler barada möhüm mowzuklary ara alyp maslahatlaşmagy dowam etdirýäris. Söhbetdeşligimiziň bu gezekki sanynda biz Lotta Business Group-yň baş müdiri we Arassa Nusga konsalting kompaniýasynyň ýerine ýetiriji müdiri hanym Gülşat Petrosowa bilen söhbetdeşligimizi siziň dykgatyňyza ýetirýäris.

Hanym Petrosowa, biz Lotta Business Group-yň IT, işewür maslahat beriş, dizaýn, paýlamak, şeýle hem onlaýn egin-eşik we kosmetika dükanlarynyň taslamalary ýaly dürli işewürlik hyzmatlaryny hödürleýän kompaniýadygyny bilýäris. Bize kompaniýaňyz barada, onuň esasy ugry we Türkmenistanda alyp barýan işi barada aýdyp bermegiňizi haýyş edýäris.

Biz baý tejribeli ýaş kompaniýa. Ýaş kompaniýa, sebäbi işgärlerimiziň ortaça ýaşy takmynan 25 ýaşdyr.

Biziň kompaniýamyz 2008-nji ýylda esaslandyryldy we ilkinji ýyllarda biz diňe sarp ediş harytlaryny paýlamak bilen meşgullanýardyk. Her ýyl biz markalaryň görnüşlerini giňeltmek we işgärleriň sanyny artdyrmak arkaly Türkmenistanyň dürli sebitlerinde täze şahamçalary açdyk we halkara tejribesine esaslanyp, işewürlik meseleleriniň çözgütlerini tapdyk.

2018-nji ýylda biz Türkmenistanyň işjeň ösýän kompaniýalary üçin hyzmatlar pudagyna öz işewürligimizi diwersifikasiýa edip başladyk. Muňa Türkmenistanyň hökümeti tarapyndan wagtynda ýola goýlan ykdysadyýeti sanlaşdyrmak babatyndaky milli maksatnama goldaw berdi.

Biziň tejribämize we innowasion çemeleşmämize üns berip, käbir hyzmatdaşlarymyz biziň ulanýan usullarymyzy öz alyp barýan işlerine ornaşdyrmaga gyzyklanma bildirdiler. Biz bu meselä professional taýdan çemeleşmegi makul bildik we IT, hem-de işewür maslahat beriş hyzmatlaryny bermek üçin Arassa Nusga maslahat beriş kompaniýasyny döretdik. Kompaniýanyň maksady - obýektiw maglumatlara esaslanýan, guramanyň dolandyryş ulgamyny gurmakdyr. Bu, LOGO ERP ulgamyny durmuşa geçirmek, (Enterprise Resource Planning) (biz Türkmenistanda LOGO-nyň resmi paýlaýjysydyrys), işewürlik proseslerini täzeden işläp düzmek we awtomatlaşdyrmak, gurama dolandyryş hasabynyň girizilmegi ýaly ugurlary öz içine alýar, şeýle hem biz KPI gözegçilik etmek üçin öz usullarymyzy ornaşdyrýarys, bu bolsa islendik KPI görkezijilerini onlaýn görnüşde almaga we olary dünýäniň islendik ýerinden maglumatlara esaslanyp dolandyrmaga mümkinçilik berýär.

Işewürlik proseslerini awtomatlaşdyrmak we guramalaryň işine LOGO ERP ulgamyny ornaşdyrmak babatyndaky taslama barada has giňişleýin gürrüň beräýseňiz. Bu görnüşli inowasiýalar geljekde işiň netijeliligini ýokarlandyrmaga nähili ýardam eder?

Işewürlik proseslerini awtomatlaşdyrmak taslamasynyň we LOGO ERP ulgamyny ornaşdyrmagyň maksady önümçilik çeşmelerini deň derejede paýlamak, dolandyryş hasabyny alyp barmak we aç-açan maglumatlara esaslanýan strategiki kararlary bermekdir.

Mundan başga-da, işewürlik prosesleriniň kämilleşmegi, öndürilen önümleriň hilini ýokarlandyrýar, bu bolsa kompaniýalaryň eksport kuwwatyny artdyrýar. ERP ulgamy maglumatlary täzelemek üçin ýazgylary iki gezek etmegiň zerurlygyny aradan aýyrmaga ýardam edýär, sebäbi ulgam maglumat alyş-çalyşygyny ýerine ýetirýär, bu bolsa öz gezeginde guramanyň bölümleriniň arasynda takyklygy we hyzmatdaşlygy üpjün edýär. Bu, maliýe maglumatlaryny birleşdirmek, sargytlary birleşdirmek, müşderilerden alnan maglumatlar bilen üpjün etmek, önümçiligi standartlaşdyrmak we tizleşdirmek, işgärleriň maglumatlaryny standartlaşdyrmak, satyn alyşlary, üpjünçilik zynjyryny standartlaşdyrmak, ýokary hillli maglumatlar arkaly dolandyryş hasabatyny we meýilleşdirmegi ýeňilleşdirmek bilen LOGO-nyň kärhananyň netijeliligini ýokarlandyrýandygyny aňladýar.

Başga-da, IT pudagynda işewürligi sanlaşdyrmaga ýardam etjek nähili täsirli usullar bar, gürrüň beräýseňiz?

Biziň esasy IT usullarymyz: esasy dolandyryş hasabatlaryny işläp düzmek üçin özboluşly talaplary programmirlemek; SQL maglumat binýady esasynda kärhananyň hasap ediş programmasy arkaly sinhronlamak ukyby bolan Android we IOS üçin «My Dashboards» ykjam programmasy; onlaýn dükan arkaly hasap ediş programmany sinhronlamak; GPS nawigatorly «Delivery app» ykjam programmasy; ofis dolandyryjylarynyň sürüjilere iş tabşyrmaklary üçin «Task list» ykjam programmasy; sargytlary ýygnamaga we ibermäge mümkinçilik berýän ştrih-kod skanerli «Sales Assistant» ykjam programmasy. Şeýle hem, IT bölüminiň hyzmatlary ähli görnüşli web sahypalary işläp düzmegi öz içine alýar.

Mundan başga-da, 2021-nji ýylyň mart aýyndan bäri biz CRM (Customer Relationship Management) Bitrix 24-iň resmi paýlaýjysy bolup gelýäris, onuň wezipeleri: ýönekeý CRM, müşderiler hakynda maglumat binýadyny dolandyrmak, her bir söwdalaşygyň taryhy, robotlar we triggerler, satuw tunelleri, onlaýn iş tertibi , söhbetdeşlikler we HD wideo jaňlary, maglumatlary saklamak üçin disk, bilim binýady, işewürlik prosesleri we smart prosesler, iş wagtyny hasaplamak, dolandyryja hasabat bermek, wezipeleri kesgitlemek we gözegçilik etmek, möhletler, kanban, Gant diagrammasy, senenama we ş.m. Bitrix 24 işewürlik proseslerine gözegçilik etmek we işgärler üçin onlaýn ofis döretmäge mümkinçilik berýär.

Häzirki wagtda köp gyzlar hünär saýlanda, aýallar üçin adaty hünärlerden daşlaşýarlar. Olar tehniki bilim almaga, dolandyryş ulgamlaryny we programmirlemegi öwrenmäge çalyşýarlar. Siziň kompaniýaňyz ýaşlara, esasanam aýal-gyzlara IT ulgamynda ösmäge nähili ýardam edýär?

Biziň kompaniýamyzda okuwçylara tejribe gazanmak üçin MUGNIR maksatnamasy bar, onuň maksady ýaşlary sanlaşdyrma bilen baglanyşykly, 21-nji asyryň hünärleri bilen tanyşdyrmak we taýýarlamakdyr. 2022-nji ýylda bu tälimiň dowamynda biz, toparlaýyn işlemek üçin «soft skills» ösdürmek üçin okuw sapaklaryny geçirdik, şeýle-de talyplar iş ýerlerine uýgunlaşdylar we bölekleiýn işleri ýerine ýetirdiler. IT bölüminde tälim geçenler, ulgam dolandyryjysy we web sahypa döredijisi bolup işlemek ukybyny görkezmegi başaran talyp-gyzlar bolandygyny belläp geçmegimiz möhümdir. Alty aýyň içinde 14-den gowrak talyp tejribe işini tamamlady, olaryň ikisi LOGO operatory, biri bolsa işewürlik geňeşçisi wezipelerine işe kabul edildi.

Gazanylan bilim, öz ykbalyňy kesgitlemek ukyby we kämilleşmäge bolan isleg aýal-gyzlara IT ulgamynda ýa-da islendik bir hünär boýunça üstünlikli işlemäge mümkinçilik berýär.

Biziň kompaniýamyzda ykjam programmalary işläp düzýän, web mazmuny döredýän we Bitrix24-i dolandyrýan aýal-gyzlar hem bar. Hünär saýlanda, gyzlar IT pudagynda öz gyzyklanmalaryna, käri boýunça ösüş perspektiwalaryna we ýokary aýlyklara esaslanýarlar.

Biz öz tejribämizden bilýäris, erkek ýa-da aýal, tejribeli telekeçi ýa-da başlangyç telekeçi bolmazdan, Türkmenistanda öz-özüňi ösdürmek we işiňi ösdürmek üçin ähli mümkinçilikler bar, siz diňe säginmän, hemişe öňe gitmeli!