Durnukly ösüş syýasaty

        

Arassa Nusga, Türkmenistanda alyp barýan ähli işlerinde durnukly ösüş ýörelgelerini ornaşdyrmaga ygrarlydyr. Biz işimizi halallyk bilen alyp barýarys, daşky gurşaw we jemgyýetçilik jogapkärçiligini goldaýarys, şeýle hem işgärlerimiz üçin ösüş mümkinçilikleri bolan dürlüligi we inklýuziýany (daşlaşmazlygy) üpjün edýän iş gurşawyny döretmäge çalyşýarys. Bu syýasat ekologiki jogapkärçilik, ykdysady durnuklylyk we jemgyýetçilik deňlik babatyndaky çemeleşmämizi beýan edýär.

Biziň maksadymyz — IT pudagynda nusga bolup, durnukly ösüşe goşant goşmak we müşderilerimize öňdebaryjy tehnologiki çözgütleri hödürlemekdir.

Bu syýasat Arassa Nusga bilen baglanyşykly ähli işgärlere, pudratchylara we gyzyklanýan taraplara degişli bolup, önümi işläp düzmekden başlap, üpjünçilik zynjyrynyň dolandyrylyşy, jemgyýet bilen hyzmatdaşlyk we korporatiw dolandyryş ýaly ähli iş ugurlaryny öz içine alýar.

1. Ekologiki Durnuklylyk

1.1 Energiýa tygşytlylygy

  • Bütün ofislerimizde energiýany tygşytlaýan çäreleri girizmek: LED lampalaryň ornaşdyrylmagy we tebigy ýagtylygyň ulanylmagy.
  • Gün we ýel energiýasy ýaly täzelenip bilýän çeşmelere geçmek. Mümkin bolan ýagdaýynda ýerli taslamalara maýa goýmak we başga ýagdaýlarda “ýaşyl energiýany” satyn almak.

1.2 Galyndylary dolandyrmak

Sanly galyndylary dolandyrmak

  • Maglumatlaryň ömrüni netijeli dolandyrmak: tygşytly saklamak, arassaçylyk işleri, köne maglumatlary howpsuz ýok etmek.
  • Bulut infrastrukturasyny energiýa sarp edilişini azaltmak üçin optimizirlemek.

Kağızsyz iş ýörelgesi

  • Ähli içki we daşarky amallary sanly görnüşe geçirmek: şertnamalar, hasap-fakturalar, hasabatlar, aragatnaşyk.
  • 2028-nji ýyla çenli ähli resminamalar üçin elektron gol çekmek ulgamlaryny ornaşdyrmak.

Işgärleriň endikleri

  • Sanly gurallary ulanmak boýunça işgärleri okuwdan geçirmek.
  • Kağız ulanmagyň öňüni almak üçin bulut saklaýyş we taslama dolandyryş platformalaryny ulanmagy höweslendirmek.

Elektron enjamlary dolandyrmak

  • Işgärler tarapyndan ulanylýan enjamlary jogapkärçilikli gaýtadan işlemek üçin e-galyndy kärhanalary bilen hyzmatdaşlyk etmek.
  • Ulanylan enjamlary abatlap gaýtadan ulanmak we jemgyýet taslamalaryna sowgat bermek.

Durnukly programma üpjünçiligi

  • Resurslary az talap edýän optimizirlenen kod ýazmagyny höweslendirmek.
  • Täzelenip bilýän energiýa çeşmelerinden peýdalanýan host hyzmatlaryny saýlamak we olaryň ekologiýa täsirini yzygiderli seljermek.

Maksat: 2029-njy ýyla çenli nol galyndy derejesine ýetmek.

2. Ykdysady Durnuklylyk

2.1 Iş orunlaryny döretmek we ykdysady ösüş

  • Täzelenýän energiýa we “ýaşyl” IT ugurlarynda iş orunlaryny döretmek.
  • Ýerli hünärli işgärleri taýýarlamak üçin okuw we ösüş programmalaryny guramak.
  • Adalatly zähmet şertleri, howpsuz iş ýerleri, zähmet we adam hukuklaryna laýyk hereket etmek.

3. Jemgyýetçilik Durnuklylyk

3.1 Jemgyýet bilen hyzmatdaşlyk

  • Ýerli jemgyýetler, maýa goýujylar we jemgyýetçilik guramalary bilen hyzmatdaşlyk etmek.
  • Jemgyýetiň isleglerini öwrenmek, maslahatlaşyklar geçirmek we açyk görnüşde hasabatlar çap etmek.

3.2 Deňlik we inklýuziýa

  • Jynsy, ýaş, millet ýa-da başga ýagdaýlara garamazdan ähli işgärler üçin deň mümkinçilikleri döretmek.
  • Bilim, saglygy goraýyş we jemgyýetde deňlik boýunça sosial taslamalary goldamak.

3.3 Işgärleriň hal-ýagdaýy

  • Saglyk we howpsuzlyk syýasatlaryny ornaşdyrmak, işgärlere yzygiderli okuwlar bermek.
  • Fleksibil (çeýe) iş wagty, uzakdan işlemek we ruhy/saglyk goldaw programmalaryny hödürlemek.

4. Amal we Gözegçilik

4.1 Durnuklylyk Komiteti

  • Bu syýasaty durmuşa geçirýän ýörite Komitet döretmek.
  • Her ýyl maksatlary kesgitlemek, görkeziji sanlary (KPI) yzarlamak we syýasaty täzeden gözden geçirmek.

4.2 Netijeliligi ölçemek

  • Energiýa sarp edilişi, täzelenýän energiýanyň paýy, jemgyýetçilik çäreleriniň sany, işgärleriň kanagatlylyk derejesi ýaly görkeziji sanlary kesgitlemek.
  • Her ýyl Durnukly Ösüş Hasabatyny jemgyýetçilige hödürlemek.

4.3 Yzygiderli kämilleşdirmek

  • Işgärlerden we jemgyýetden pikir alyş ulgamlaryny döretmek.
  • Pikirleriň esasynda syýasaty döwrebaplaşdyrmak we täze talaplara laýyk getirmek.

5. Amal meýilnamalary

Ekologiki meýilnama

  • LED ýagtylandyryş, hereket datçikleri ornaşdyrmak.
  • Akylly gurluşyk tehnologiýalary arkaly energiýany real wagtda gözegçilikde saklamak.
  • Elektron enjamlary gaýtadan ulanmak boýunça müşderiler üçin yza alnyş programmasy döretmek.
  • Kağız, plastmassa, aýna we elektron galyndylary üçin konteýnerler ornaşdyrmak.

Ykdysady meýilnama

  • Ýyllyk býujetiň 10%-ni ýaşyl taslamalara gönükdirmek.
  • Türkmenistanda durnukly tehnologiýalary işläp düzýän KOBI-leri goldamak üçin ýörite Durnuklylyk Gaznasyny döretmek.

Jemgyýetçilik meýilnama

  • Jemgyýet bilen yzygiderli maslahatlaşmalar geçirmek.
  • Işgärlere dürlüligi we inklýuziýany wagyz edýän okuwlar bermek.
  • Adalatly işe alyş, deň hak, karýeranyň ösüşi üçin goldaw syýasatlaryny ornaşdyrmak.
  • Tükenmezligiň öňüni almak üçin dynç alyş mümkinçiliklerini üpjün etmek.

6. Durnuklylyga Ygrarlylyk

Arassa Nusga üçin durnuklylyk diňe bir syýasat däl — bu işgärlerimize, müşderilerimize, jemgyýetimize we tebigata bolan hakyky borjumyzdyr. Biz durnukly çemeleşmeleri ähli iş amallarymyza ornaşdyrmak arkaly:

  • Ekologiki yz galdyryşymyzy azaltmak we howanyň üýtgemegine garşy göreşmek;
  • Durnukly ösüş arkaly ykdysady ösüşi we iş orunlaryny döretmegi üpjün etmek;
  • Jemgyýetde deňlik we abadançylygy ösdürmek isleýäris.

Bu maksatlara ýetmek üçin biziň elmydama tagalla etmegimiz we täzeliklere açyk bolmagymyz möhümdir. Işgärlerimiz, hyzmatdaşlarymyz we jemgyýet bilen bilelikde işleşip, has durnukly we adalatly geljegi gurarys.

Bu syýasat Arassa Nusga-nyň Türkmenistanda durnukly ösüşe bolan ygrarlylygyny tassyklaýar — daşky gurşawyň goragy, ykdysady ösüş we jemgyýetçilik abadançylygynyň arasynda deňagramlylygy üpjün etmek üçin.

Biz müşderilerimizi we hyzmatdaşlarymyzy bu ýolda bize goşulmaga çagyrýarys — bilelikde dünýäde hakyky üýtgeşmäni döredip bileris.