Hil derejesindäki syýasaty

        
  1. WEZIPESI

Guramalaryň işine doly aç-açanlygy girizmäge ýardam bermek, şeýlelikde işgärleriň, ýolbaşçylaryň we eýeleriň çözgütleri hakyky we obýektiw maglumatlara esaslanyp kabul etmegini gazanmak.

Biz diňe näme etmelidigini görkezmeýäris — biz nädip etmelidigini hem görkezýäris!

  1. HIL SYÝASATY
  • Programma üpjünçiligini işläp düzmek, ornaşdyrmak we hyzmatlary ýerine ýetirmek boýunça işleri müşderiniň talaplaryna we hil ugrukmasyna laýyklykda amala aşyrmak;
  • Kompaniýanyň syýasatyny hemişe ulanmak, işgärlere düşündirmek we onuň laýyklygyny hem-de täsirini yzygiderli seljermek;
  • Şertnama boýunça borçnamalary hünär taýdan we etiki taýdan jogapkärçilikli ýerine ýetirmek;
  • Mümkin bolan töwekgelçilikleri öňünden anyklamak we olara mümkin boldugyça çalt derejede täsirli çäreleri görmek;
  • Kompaniýanyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak we müşderileriň talaplaryny doly kanagatlandyrmak maksady bilen, ISO 9001:2015 halkara standartyna laýyk gelýän Hil Dolandyryş Ulgamyny (QMS) döretmek, ornaşdyrmak we yzygiderli kämilleşdirmek göz öňünde tutulýar.

“Arassa Nusga” kompaniýasynyň ýolbaşçylygy bu maksatlara ýetmek üçin doly jogapkärçiligi öz üstüne alýar we bu syýasaty işgärlere düşündirmek hem-de ýerine ýetirmäge höweslendirmek bilen ygrarlydyr.

  1. KOMPANIÝANYŇ ŞYGARY

Hil. Innowasiýa. Çözgütler.