Kompaniýanyň habarlary

12 May 2025

Amina Karahanova

«Işewürlik pulsda» forumy: sanlanyşdyrma – türkmen biznesi üçin ösüş nokady

12 May 2025

Amina Karahanova

        

Maý aýynyň 10-da Aşgabat şäherinde «Işewürlik pulsda» atly forum geçirildi. Çäräni Arassa Nusga we Lotta Business Group kompaniýalary Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Bankynyň goldawy bilen gurnadylar.

Bu çäre söwda, satuw, önümçilik we hyzmatlar ugurlarynda işleýän wekilleri bir ýere jemledi.

Forumda indiki esasy temalar ara alnyp maslahatlaşyldy: tehnologiýalar biznesiň ösmegine, prosesleriň dolandyrylmagyna we giňelýän mahaly gözegçiligi ýitirmezlige nähili ýardam edýär? Üns merkezinde — ERP, CRM, BI ulgamlarynyň ornaşdyrylmagynyň hakyky mysallary boldy. Telekeçiler öz el bilen dolandyrylýan ulgamlardan geçiş tejribesi bilen paýlaşdylar, maslahatçylar bolsa uçralýan ýalňyşlyklary we olar bilen baglanyşykly netijeleri barada gürrüň berdiler.

«Forum bir zady düşündirdi: eger-de işde kompaniýanyň ösüşiniň belli bir tapgyrynda kynçylyklar ýüze çykýan bolsa, bu bizde “nämedir bir zady nädogry edýändiris” diýen pikir döremeli däl. Aslynda, işiň ösen wagty, ony el bilen dolandyrmak mümkin däl»

«Men hatda iş saparynda bolsam-da işim bilen nämeleriň bolup geçýändiginden nähili yzarlaýmalydygymy indi doly düşünýärin» — diýip, forumyň gatnaşyjylary nygtadylar.

Forumyň interaktiw böleginde gatnaşyjylar dolandyryş bilen baglanyşykly esasy kynçylyklaryny belläp geçdiler:

  • «Aýyň ahyrynda hakyky girdejimi nädip hasaplajakdygymy bilemok»
  • «Müşderileriň sany azaldy – sebäbi nämälim»
  • «Günüň hemmesi adaty geçýär, strategiýa ýetmäge wagt galmaýar»

Bu meseleler dürli ugurlarda işleýän kompaniýalaryň hemmesine mahsus bolup çykdy.

«Bular el bilen dolandyryşyň çäklerinden çykyp başlaýan kompaniýalaryň adaty alamatlary. Biznes diňe duýgy bilen ösdürip bolmaýar. Oňa gurallar gerek: açyk hasapçylyk, analitika, CRM ulgamy we ulgamlaýyn prosesler» — diýip, Arassa Nusga kompaniýasynyň baş directory Aleksandr Petrosow belläp geçdi.

Esasy netije

Sanlylaşdyrma — bu diňe döwrebaplyk däl, eýsem kompaniýanyň ösüşi üçin zerurlykdyr.

Häzirki wagtda biznesiň açyk, dolandyryp boljak we çeýe bolmagy zerur. Sebäbi diňe şeýle ýagdaýda bazaryň mümkinçiliklerinden doly peýdalanyp bolýar. Forum esasy görkezen netijesi: Türkmenistanda işewürlik ulgamy barha giňden ulgamlaýyn çemeleşmä geçýär.

Bu bolsa döwlet tarapyndan alnyp barylýan sanly ösüş strategiýasyna doly laýyk gelýär we hususy sektor hem bu ugurdan yza galmajak bolýar.

Arassa Nusga kompaniýasy telekeçileriň ösüşine goldaw berýär we aşakdaky hyzmatlary teklip edýär:

  • Işiňiziň ýagdaýynyň tölegsiz ekspress-diagnostikasy
  • Siziň iş ugryňyza laýyk sanly çözgütleriň görkezilişi

Arassa Nusga kompaniýasy – tehnologiýalaryň üsti bilen işiňizi ulgamlaýyn ösdürmäge ýardam berýän ygtybarly hyzmatdaşyňyz.

Tölegsiz diagnostikasy üçin bize ýazylyň:

Ýazylmak

Galereýa

Soňky habarlar

Biz ISO 9001:2015 halkara standartyny ornaşdyrdyk – ulgamlaýyn hil dolandyryşa tarap möhüm ädim

05.06.2025

Arassa Nusga — Bitrix24-iň satuw we ornaşdyryş boýunça Türkmenistanda lider

14.02.2025