Maliýe hasabatlaryny awtomatlaşdyrmak

Biz maliýe hasapçylygyny awtomatlaşdyrýarys, siziň biznesiňiziň strategiki ösüşi üçin takyklygy, açyklygy we wagty üpjün edýäris

Maliýe hasabatlaryny awtomatlaşdyrmak

Hyzmatyň düzümine girýänler

            

Biz häzirki zaman tehniki çözgütleri we köp zähmet talap edýän operasiýalary azaltmaga gönükdirilen matematiki usullary ulanyp, biznes proseslerini awtomatlaşdyrýarys. Hyzmatlarymyz netijeli hasapçylyk we dolandyryş üçin ERP ulgamlarynyň ornaşdyrylmagyny, müşderiler bilen gatnaşygyň optimizasiýasyny, şeýle hem içerki koordinasiýany we satuwlary dolandyryşy gowulandyrmagy öz içine alýar. Müşderi maglumatlarynyň sistemalaşdyrylmagy we prosesleriň awtomatlaşdyrylmagy siziň biznesiňiziň öndürijiligini we strategiki ösüşini ýokarland
yrmaga kömek edýär

Derňew we konsultasiýalar

Ornaşdyrylýan hasapçylyk ulgamynyň talaplaryna laýyklykda zakazçynyň bar bolan biznes prosesleriniň re-inženering boýunça derňewi
01

7 gün

İşläp taýýarlama we modelirleme

Re-inženering boýunça teklipler işläp taýýarlama we zakazçynyň biznes proseslerini modelirleme
02

7 gün

Programma üpjünçiliginiň ornaşdyrylmagy

Hasapçylyk ulgamynyň talaplaryna laýyklykda serwer programma üpjünçiligini we müşderi enjamlaryny ornaşdyrmak we sazlamak, ilkinji maglumatlaryň girizilmegi boýunça konsultasiýa
03

10 gün

Zakazçynyň işgärleri üçin hasapçylyk ulgamy bilen işlemek boýunça giriş kursy

Bir (1) maliýe dolandyryjysy we bir (1) operator üçin iş boýunça konsultasiýa
04

5 gün * 2 sagat

Hasapçylyk ulgamynyň ornaşdyrylmagynyň konsultasiýa goldawy

Hasapçylyk ulgamynyň ornaşdyrylmagynyň goldawy we konsultasiýalary
05

3 aýa çenli

Analitika guralarynyň işläp taýýarlanmagy

MS Excel-e integrirlenen dinamiki esasy hasabatlar (10 hasabatdan we ondan köp) işläp taýýarlama
06

15 gün

Mobil analitikanyň işläp taýýarlanmagy

Kompaniýanyň eýeleri we döredijileri üçin "Mobil analitika" programmasynyň işläp taýýarlanmagy (iOS ýa-da Android)
07

20 gün

Programma bahalary

Logo Go Wings
Logo Go Wings Mobile Sales
Logo Tiger 3
Logo Tiger 3 Mobile Sales

Amal etaplary

Derňew we konsultasiýa

Bar bolan biznes prosesleriniň derňewi

Teklipler işläp taýýarlama we biznes proseslerini modelirleme

01

Ornaşdyrma we sazlama

Hasapçylyk ulgamynyň täze programma üpjünçiliginiň ornaşdyrylmagy

Ilkinji sazlama we maglumatlaryň girizilmegi boýunça konsultasiýa

02

Täze hasapçylyk ulgamy bilen işlemek boýunça giriş kursy

Hasapçylyk ulgamynyň ornaşdyrylmagynyň 3 aýa çenli konsultasiýalary we goldawy

03

Analitika guralary

Excel formatynda esasy hasabatlar işläp taýýarlama

"Mobil analitika" programmasynyň işläp taýýarlanmagy

04

Köplenç soralýan soraglar

01

Maliýe hasapçylygynyň awtomatlaşdyrylmagy ERP ulgamy bilen nädip işleýär?

plus icon

Awtomatlaşdyryş ERP bilen integrirlenýär, buhgalter hasabyny ýöretmek we hasabat bermek ýaly maliýe meselelerini ýönekeýleşdirýär we beýleki biznes proseslerinden maglumatlary birleşdirýär.

02

Şeýle ulgamlarda meniň maglumatlarym howpsuzmy?

plus icon

Hawa, häzirki zaman ulgamlary siziň maglumatlaryňyzyň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin şifrlemek ýaly ygtybarly gorag usullaryny ulanýar.

03

Eger mende ERP ulgamy bar bolsa, awtomatlaşdyryş wagty tygşytlaýarmy?

plus icon

Hawa, ol ERP-de maliýe maglumatlaryny sinhronlaşdyryp, el bilen işi azaltýar we hasaplaşyk ýöretmek ýa-da çykdajylary hasaba almak ýaly meseleleri çaltlaşdyrýar.

04

Awtomatlaşdyryşy meniň ERP ulgamymyň zerurlyklaryna laýyk sazlap bolarmy?

plus icon

Köp çözgütler hasabatlar ýa-da iş akymlary ýaly funksiýalary siziň ERP we biznes maksatlaryňyza laýyk uýgunlaşdyrmaga mümkinçilik berýär.

05

Awtomatlaşdyryş pul akymlaryny dolandyryşy nädip gowulandyryp bilýär?

plus icon

Ol tölegleri yzarlaýar, pul akymlaryny çaklaýar we hasaplar barada awtomatiki ýatlatmalar iberýär, maliýäni gözegçilikde saklamaga kömek edýär.

06

Awtomatlaşdyryş çylşyrymly salgyt talaplary bolan biznes üçin laýykmy?

plus icon

Hawa, ol çylşyrymly salgyt düzgünlerine ýerine ýetirip, zerur nyrhlary awtomatiki ulanýar we degişli hasabatlar ýasaýar.

Müşderi synlary

partner logo

“Arassa Nusga” hojalyk jemgyýetini “Seda Medical” kompaniýasy bilen ýerine ýetirýän ajaýyp işleri üçin maslahat bermek maksady bilen biz şu haty ýazýarys,. Arassa Nusga her bir meselede biziň isleglerimize doly laýyk gelýän netijeli çözgütleri hödürleýär.

Olar biziň esasy müşderilerimiziň biri — lukmançylyk laboratoriýasy üçin galyndylary we ammary dolandyrmak ulgamyny üstünlikli ornaşdyrdy. Bu çözgütleriň düzüminde partiýalaryň belgisi we möhletiniň gutarmagy boýunça yzarlaýyş mümkinçilikleri bolan awtomatlaşdyrylan ulgam, şeýle hem operatiw dolandyryş üçin amatly mobil goşundy bar. Topar tarapyndan ýokary derejeli ornaşdyrma, çuňňur okuw, hem-de ulgamyň durnukly işini üpjün edýän iş prosesleri taýýarlanyldy.

Mundan başga-da, olar kliniki laboratoriýalar üçin ýörite niýetlenen mobil programma üpjünçiligini döretdiler. Bu çözgütde analizatorlar üçin okuw modullary, şeýle hem ulanyş, hyzmat we näsazlyklary aradan aýyrmak boýunça jikme-jik görkezmeler ýerleşdirildi. Bu programma üpjünçiligini biz häzirki wagtda Türkmenistandaky taslamalarymyzda üstünlikli ulanýarys.

Şeýle hem Arassa Nusga kompaniýasy biziň üçin CRM ulgamy ornaşdyrdy, bu bolsa müşderiler bilen aragatnaşygy dolandyrmakda we içki iş proseslerinde uly ösüşe getirýär. Olar tarapyndan berilýän yzygiderli goldaw ygtybarly we gymmatly bolup çykdy.

Biz olaryň ýokary derejesine we tehniki bilimlerine uly hormat goýýarys we olaryň eden uly goşantlaryndan doly kanagatlanýarys. Arassa Nusga HJ-ny şuňa meňzeş taslamalar üçin tutuş ynam bilen maslahat berýäris.

B.A. Uraýew, «Seda» HJ direktory

partner logo

Şu hat bilen Arassa Nusga kompaniýasy Ak Ýaýla kompaniýasy bilen 2022-nji ýylyň maý aýyndan bäri hyzmatdaşlyk edýändigini tassyklaýaryn.

Arassa Nusga kompaniýasy kärhananyň maliýe akymlaryny anyk seljermek we maliýe meýilleşdirmesini dury üpjün etmek maksady bilen ERP ulgamlarynyň ornaşdyrylmagy boýunça IT hyzmatlaryny üstünlikli ýerine ýetirýär. Kompaniýanyň hünärmenleri işewürlik prosesleri işläp düzdi we standart operasiýalar proseduralary (SOP) girizdi, şeýle-de işçi toparyny saýlap almakda we taýýarlamakda goldaw berdi.

Arassa Nusga kompaniýasynyň işi bellenilen talaplara laýyklykda ýokary hilli we anyk möhletlerde ýerine ýetirýärler. Hünärmenleriň netijeli işleýändigini, tabşyryklary çalt we doly ýerine ýetirýändigini, şeýle-de Sargyt edijiniň isleglerine ünsli çemeleşýändigini aýratyn bellemek isleýäris.

Ak Ýaýla kompaniýasy Arassa Nusga kompaniýasynyň berýän hyzmatlarynyň ýokary hilli bolandygy üçin minnetdarlyk bildirýär we olary ökde hem-de durnukly işewür hyzmatdaş hökmünde maslahat berýär.

N.H. Apovov, «Аk Yayla» HJ direktory

partner logo

“Şanly Bedew” kompaniýasy “Arassa Nusga” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk tejribesini aýratyn bellemek isleýär. Biz, Logo Tiger 3 dolandyryş hasabaty ulgamynyň üstünlikli ornaşdyrylmagyndan hoşaldyrys.

Arassa Nusga kompaniýasy bize taslamanyň ähli tapgyrlarynda zerur goldawy berdi — programma üpjünçiliginiň sazlamasyndan başlap, işgärlerimiziň okadylmagyna we dowamly goldawa çenli.

Biz Arassa Nusga kompaniýasynyň ýokary derejeli hünärine uly baha berýäris. Olar hemişe biziň isleglerimize ünsli çemeleşdiler, ýüze çykýan meseleleri çalt çözdüler we goşmaça kämilleşdirmeleri hödürlediler.

Biz Arassa Nusga kompaniýasyny Logo Tiger 3 dolandyryş hasabaty ulgamyny ornaşdyrmak boýunça ygtybarly we ökde hyzmatdaş hökmünde maslahat berýäris.

T. Ataýewa, «Şanly Bedew» HJ direktoryň orunbasary

partner logo

Biz, Altyn Ýunus HK-y, 2021-nji ýylyň aprel aýyndan şu günki güne çenli Arassa Nusga HJ-i bilen hyzmatdaşlyk edýändigimizi tassyklaýarys.

Arassa Nusga HJ-i iş proseslerini dolandyrmak ulgamy bilen birlikde mobil goşundynyň (daşbordlaryň) ornaşdyrylmagy boýunça IT hyzmatlaryny üstünlikli ýerine ýetirýär.

Hyzmatdaşlygymyz döwründe Arassa Nusga HJ-I ýokary derejeli çemeleşýändigini hem-de tabşyryklaryň öz wagtynda ýerine ýetirýändigini görkezdi.

Altyn Ýunus HK-y Arassa Nusga HJ-niň berýän hyzmatlarynyň ýokary hilli bolandygy üçin minnetdarlyk bildirýär.

Biz Arassa Nusga HJ-ny ökde we ygtybarly işewür hyzmatdaş hökmünde ýokary ynam bilen maslahat berýäris.

M.A. Owezow, "Altyn Ýunus" HK direktory

partner logo

“Arassa Nusga” HJ-niň ýokary hünär derejesini tassyklamak we olaryň işine iň ýokary baha bermek üçin minnetdarlyk bilen biz şu maslahat beriş hatyny ýazýarys

2021-nji ýylyň dekabr aýyndan bäri Ajap Önüm HJ-i Arassa Nusga HJ-niň topary bilen netijeli hyzmatdaşlyk edýär. Bu döwürde olar bize maslahat beriş we IT hyzmatlaryny ýokary derejede hödürläp, hakyky ýokary derejeli hünärlerini görkezýärler.

Hyzmatdaşyk döwrüniň dowamynda ýerine ýetirilen möhüm işler indikilerden ybaratdyr:

  • Dolandyryş hasabaty ulgamlarynyň ornaşdyrylmagy;
  • Microsoft Excel-de konsolidasiýa tablisalary (pivot) bilen işlemek boýunça okuwlar;
  • Kompaniýamyz üçin möhüm gurala öwrülen amatly mobil goşundylaryň (daşbordlaryň) taýýarlanmagy.

Arassa Nusga HJ-i hyzmatdaşlygymyzda özüniň köpugurlylygyny we ygtybarlylygyny subut etdiler. Olar biziň talaplarymyza çalt uýgunlaşyp, müşderi hyzmatynyň ýokary derejesini üpjün etdiler we ähli işleri ýokary hilli ýerine ýetirdiler.

Ajap Önüm HJ-i Arassa Nusga HJ-niň işine çuňňur minnetdarlyk bildirýär we bu kompaniýany tejribeli, ynamdar hyzmatdaş hökmünde doly ynam bilen maslahat berýär.

Ş.P. Jomyýew, «Ajap Onum» HJ direktory

partner logo

Men telekeçi, Nurýagdy Amanow Jumagulyýewiç alyp baryan telekeçilik işimde Arassa Nusga hojalyk jemgyýetini 2022-nji ýyldan bäri işleýändigimi tassyklaýaryn. Arassa Nusga önümçilige sanly dolandyryş ornaşdyrmak, Microsoft swod tablisalary bilen işlemek boýunça programmasyny işläp düzmek, menýu sahypasyny döretmek ýaly IT hyzmatlaryny hödürleýär we jogapkärçilikli işleýär.

Hyzmatdaşlyk döwründe Arassa Nusga HJ öz alyp barýan iş wezipelerine doly jogapkärçilikli çemeleşmek bilen işleri netijeli ýerine ýetirmek ýaly ukyplaryny görkezdiler.

Arassa Nusga hojalyk jemgyýetiniň alyp barýan işleriniň ýokary potensialyny, işine jogapkärçiligi we telekeçilik işinde hödürleýän gülläp ösgerişe tarap ünsüni jemlemek isleýändigini bellemek bolar. Alyp barýan işleriniň ýokary hili üçin Arassa Nusga hojalyk jemgyýetiniň agzybir kollektiwine, öz minnetdarlygymyzy bildirýäris hem-de durnukly iş hyzmatdaş hökmünde maslahat berýäris.

N. J. Amanow, Telekeçi

partner logo

Men, telekeçi Amangeldiýew Guwanç Muradowiç, şu hat arkaly Arassa Nusga hojalyk jemgyýetiniň biziň kärhanamyzyň maliýe akymlaryny seljermek we maliýe meýilleşdirmesini durulaşdyrmak maksady bilen Logo programmasyny ornaşdyrmak boýunça IT hyzmatlaryny üstünlikli ýerine ýetirýändigini tassyklaýaryn.

Arassa Nusga hojalyk jemgyýetiniň işi bellenilen talaplara laýyklykda, ýokary hilli we anyk bellenilen möhletlerde ýerine ýetirilýär. Hünärmenleriň netijeli işi, tabşyryklaryň çalt ýerine ýetirilmegi we Sargyt edijiniň isleglerine ünsli çemeleşmegi aýratyn bellärliklidir.

Men, telekeçi Amangeldiýew Guwanç Muradowiç, Arassa Nusga kompaniýasyna ýokary hilli hyzmatlary üçin minnetdarlyk bildirýärin we bu kompaniýany ökde we durnukly işewür hyzmatdaş hökmünde maslahat berýärin.

G.M. Amangeldiýew, Telekeçi