SANLY YKDYSADYÝET

SANLY YKDYSADYÝET – BEÝIK GELJEK

Mälim bolşy ýaly, sanlaşdyrmak sözi XX asyryň ahyrynda dörän adalga hasaplanýar. “Sanly ykdysadyýet” adalgasy ilkinji gezek 1995-nji ýylda Massaçusets uniwersitetiniň alymy Nikolas Negroponte tarapyndan ulanyldy. Sanly ykdysadyýet informasion-kommunikasion tehnologiýalara esaslanýan ykdysady, durmuş hem-de medeni gatnaşyklaryň ulgamydyr. Sanly ykdysadyýetiň esasy alamatlary şulardyr:

  • Elektron tölegler
  • Internet arkaly söwda
  • Internet bank hyzmatlary
  • Elektron pul
  • Onlaýn hyzmatar, zatlaryň interneti
  • Kraudfanding

Sany ykdysadyýet babatda dünýä tejribesini biziň ýurdumyza ornaşdyrmak işi hem ýokary depginde alnyp barylýar. Ýurdumyzda sanly ykdysadyýetiň kemala gelmegi jemgyýetçilik durmuşynda şeýle hem maliýe işinde sanly serişdeleriň ähmiýetiniň güýçlendirilmegi bilen häsiýetlendirilýär. Häzirki wagtda islendik pudaklarda sanly tehnologiýalary ösdürmek işi ýokary depginde alnyp barylýar. Şol sanda internet bank hyzmatlarynyň hem täze görnüşleri döredildi. Ýurdumyzda hereket edýän banklarda ýola goýlan sanly töleg ulgamlary, elektron resminamalar bolaryň aýdyň mysallarydyr. Bank ulgamynda ulanylýan sanly tehnologiýalaryň döredýän amatlyklaryndan peýdalanmak arkaly halkara tejribesinde öňdebaryjy tilsimatlaryň ornaşdyrylmagy esasynda müşderilere döwrebap hyzmatlary hödürlemek şeýle hem bank işleňligini ýokarlandyrmak boýunça sanly ykdysadyýete geçmäge degişli işleri alyp barmak ýokary depginde dowam etdirilýär. Türkmen-türk paýdarlar täjirçilik banky tarapyndan “Goýum bank kartynyň” görnüşi bellenilen tertipde ylalaşylyp, bu görnüşli kart hyzmatlary raýatlarymyza hödürlenildi. Şeýle-de, “Türkmentelekom” elektrik aragatnaşyk kompaniýasynyň raýatlara hödürleýän internet hyzmatlary üçin hasaplaşyklar ýurdumyzyň islendik künjeginden elektron görnüşinde, “Internet-bank” hem-de “Mobil bank” ulgamlarynyň üsti bilen nagt däl görnüşinde “online” tertibinde amala aşyrmak mümkinçiligi ýola goýuldy. Munuň özi bolsa ýurdumyzda sanly ykdyadyýeti ösdürmek ugrunda alnyp barylýan işleri ýene bir aýdyň subutnamasydyr. Milli ykdysadyýetimizi durnukly ösdürmek ugrunda dünýä nusgalyk işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, öri uzak il-ýurt bähbitli amala aşyrýan her bir tutumly başlangyçlary rowaçlyklara beslensin!

Image

info@arassanusga.com

Бизнес-центр Arzuw, ул Г. Кулиева(Объездная) 2127, Ашхабад, Туркменистан
Image
Бизнес-центр Arzuw, ул Г. Кулиева 24, 744000, Ашхабад, Туркменистан

info@arassanusga.com

+993 12 754480
+993 61 648605