2021

Altyn Ýunus

Altyn Ýunus

Müşderi we proýektiň maksady

                

«Altyn Ýunus» Hojalyk Jemgyýeti ýokary hilli azyk önümlerini öndürilmek boýunça Merkezi Aziýanyň iň iri kompaniýalarynyň biri bolup durýar.

ERP ulgamyny ornaşdyrmagyň maksatlary:

  • Esasy biznes-prosesleri: satyn alma, önüm öndürmek, ammarda hasaba alyş we satuwlary awtomatlaşdyrmak.
  • Çig mal we taýýar önüm boýunça takyk hasaba alnyş ulgamyny üpjün etmek, ýitgileri azaltmak.
  • Maliýe we dolandyryş hasabatlarynyň düzülmegini çaltlaşdyrmak.
  • Seljerme we esasy görkeziji sanlary onlaýn tertibinde yzarlamak.
Altyn Ýunus

Proýektiň netijesi

                 
  • Hasabatlaryň çaltlaşdyrylmagy – maliýe hasabatlarynyň düzülme wagtyny birnäçe günden birnäçe minut aralygyna çenli gysgaldy.
  • Prosesleriň durylygy – satyn alyş, önümçilik we satuw maglumatlary häzirki wagt tertibinde elýeterli boldy, bu bolsa bölümleriň arasynda sazlaşygy gowulandyryldy.
  • Zähmet çykdajylarynyň azaldylmagy – satyn alyş we ammar amallarynyň awtomatlaşdyrylmagy el bilen ýerine ýetirilýän işleri ep-esli azaltdy.
  • Seljerme – ýörite taýýarlanan panel programmalar orta we ýokary derejeli dolandyryjylara esasy görkeziji sanlary häzirki wagtda yzarlamaga mümkinçilik berdi.

Logo Tiger3 ERP ulgamynyň ornaşdyrylmagy Altyn Ýunus kompaniýasyna esasy iş proseslerini optimizirlemäge, çykdajylary azaltmaga we dolandyryşyň durylygyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berdi. Bu ulgam azyk senagatyndaky iri işewürler üçin amatly we çeýe çözgüt hökmünde özüni görkezdi