
Kärhanalarda ISO standartlaryň girizmegi
Dolandyryş ulgamynyň standartlary – bu gurama häzirki zaman bäsdeş işewürligiň käbir meselelerini çözmeklige ýardam edýän strategiki gurallar we maslahatlar. Olar işewürlik-amallarynyň we prosesleriniň iň ýokary netijeliligini üpjün edýärler, öndürijiligi ýokarlandyrýarlar we edaralara täze bazarlara çykmaklyga ýardam edýärler.

ISO 9001 siziň işewürligiňiziň netijeli dolandyrylyşyny saklaýar, müşderileriň isleglerini kanagatlandyrmaklyga we elmydama siziň harydyňyzyň/hyzmatlaryňyzyň hilini ýokarlandyrmaklyga ýardam edýär. Ol müşderileriniň kanagatlylyk, işgärleriň höweslilik derejesini galdyrmaklygy we hemişe ösmeklik medeniýetini döretmekligi isleýän islendik edara gabat gelýär.
ISO 9001 – bu bütin dünýäde hil standartynyň iň esasylaryň biri bolan bütindünýä ykrar edilen standart bolup durýar. Has köp edaralar diňe akkreditirlenen kompaniýalar bilen işleýärler, sebäbi olar önümleriň, hyzmatlaryň we hiliň gözegçiligini ýokarylygyny ykrar edýärler.

ISO 22000 iýmit, öndürijileri, haýwanlar üçin iýmit önümleriniň öndürijileri, ýabany ösümlikleriň we haýwanlaryň ýygymçylary, fermerler, iýgrediýentleriň öndürijileri, iýmit önümleriniň öndürijileri, bölekleýin satyjylar, we iýmit, keýtering, arassalaýyş we sanitariýa hyzmatlaryny, daşama, saklama we paýlaşdyrma hyzmatlaryny ýerine ýetirýän edaralary, enjamlary, arassalaýjylary, zyýansyzlaşdyryjy serişdelerini, gaplama materiallary we iýmit önümleri bilen gatnaşykda bolýan beýleki materiallaryň üpjün edijileri ýaly iýmit ulgamynda iýmit önümleriniň howpuny siziň gözegçilik astynda saklamaklyk ukybyňyzy görkezýän iýmit önümleriniň howpsuzlygy bilen netijeli dolandyryş ulgamyny saklaýar. Ol interaktiw aragatnaşygy, ulgamy dolandyryşy, HACCP (Howplaryň derňewiniň kritiki barlag nokady) başlangyç programmalaryny we kadalaryny öz içine alýar.

Siz zähmet goragy we tehniki howpsuzlygy (WHS) boýunça hukuk talaplary barada tanyş bolarsyňyz, şeýle hem, bazarlaryň bäsleşige ukyplylygyna laýyklykda, müşderiler bu “goşmaça bahany” üpjün edijilerden gözleýärler.

ISO 14001 - guramalara daşky gurşawyň goragy boýunça borçnamalaryny ýerine ýetirmeklige we daşky gurşawyň hakyky ösüşlere ýetilýändigi barada müşderilere habar bermäge mümkinçilik berýän dolandyryş ulgamydyr.
ISO 14001 bütin dünýäde ykrar edildi. Her bir uly ýurtda kesgitlenmeli we durmuşa geçirilmeli “Ýaşyl Kwotalar” bar we bu kepillendiriş köplenç kepillendirişden geçen kärhanalar üçin mümkinçilikleri açýar.
ISO 14001 – bu siziň işewürligiňiziň ekologiki meseleleriniň uly bir mesele bolmazyndan öň olary göz öňünde tutmaklyga ýardam berýän edaranyň işiniň daş töwerege edýän täsirini dolandyrmaklyk üçin gural.

ISO 50001 ähli kärhanalar üçin olaryň ölçegine we pudagyna garamazdan gabat gelýärler, emma ol işewürlik parnik gazlarynyň (PG) zyňyndylary boýunça kadalara ýa-da kanunçylyklara duş gelýän pudakda ýa-da energiýa talap edijilikli pudakda işleýän kärhanalarda has netijeli bolýar.
ISO 50001 energetiki syýasaty we maksady resmileşdirýär we olary bütin edaranyň energonetijeliliginiň baş ýörelgesiniň hasabyna goşýar.
“Arassa Nusga” HJ maslahatçylary halkara kepillendiriş edaralary tarapyndan kepillendirilen we olarda Türkmenistanyň kärhanalarynyň onlarçasyna halkara standartlaryny girizmekligiň uly tejribesine eýedir.
ISO standartlaryny girizmeklik üçin sowalnama görnüşini ýükläp alyň, info@arassanusga.com elektron poçtasy boýunça ugradyň we biz Size täjirçilik teklibini ugradarys
Bu Size nähili artykmaç hukuklary berer?
Çykdajylaryň tygşytlylgygy
Täze bazarlara ygtyýar
Bazar paýynyň ýokarlanmagy
Müşderileriň kanagatlylygynyň ýokarlandyrylmagy
Ekologiki artykmaç hukuklar
Maslahatça sorag beriň
Biz siziň islendik soragyňyza jogap bereris.