Arassanusga

HIL. INNOWASIÝA. ÇÖZGÜT

Siziň ygtybarly korporatiw maslahatçyňyz

Pese gaçýan bazarda marketing

Bazar birnäçe gezek pese gaçdy. Krizis - täze bir hadysa däl. Soňky birnäçe ýüz ýylyň dowamynda bolup geçen her bir güýçli syýasy tolgunyşyk, her uruş, hökümet çalşygy we şuňa meňzeş beýleki betbagtçylyklar bir ýa-da başga bir ýurtda pese gaçmaklyga sebäp bolýar.
Islendik gurama öz önümlerini diňe daşarky bazarda çalyşmak arkaly baý bolup biler. Mysal üçin, kiçi bir kärhana diňe öz işgärlerine haryt satyp, gün görüp bilmez. Şol bir zat ýurda hem degişli.
marketing

Öz ilatyňy bazar hökmünde ulanmak - örän dogry. Emma munuň üçin, ilatyň pulunyň bolmagy gerek. Puluň artmagy diňe eksport amallaryndan mümkindir. Ýapyk ulgam ösmez.

Ýurt harytlary we hyzmatlary daşary ýurt bazarlaryna satmasa, onuň maddy hal-ýagdaýy peseler.

Baý bolmagyň ýene iki ýoly bar. Birinjisi - beýleki ýurtlary basyp almak we talamak, gazanylan baýlygy elitanyň (saýlama adamlaryň) arasynda paýlamak (SSSR şeýle edýärdi). Ikinjisi - býujetden ogurlamak we para almak (korrumpsiýa ýokary bolan ýurtlarda uly wezipeli adamlar we oligarhlar şeýle edýärler). Bu ýollaryň ikisi-de çykgynsyz, sebäbi iki ýagdaýda hem, siziň üstüňizde islän wagty işe girizilip bilinjek abraýdan düşürjek materiallar toplanýar. Islendik pursatda ähli zatlarynyň (şol sanda erkinlik ýa-da durmuş) elinden alnyp bilinjegini bilýän adam ogurlanan baýlykdan lezzet alyp bilmez. Ol newrotige öwrüler we durmuşdan lezzet almak ukybyny ýitirer. Hiç haçan ýetip bolmajak bagty başdan geçirmäge çalyşýan, duýgur ejiz bolar. Bu, baý adamlaryň näme üçin köp içýändigi, neşe serişdesine geçýändigi we öz janyna kast etýändigi baradaky syryň jogaby. Ýa-da has beteri, akyl hassahanasyna düşýändigi.

  • Pese gaçýan bazarda köp pul gazanmagyň ýeke-täk ýoly - marketingde hakyky hünärmen bolmakdyr.

“Marketing” sözi “market” - bazar sözünden gelip çykýar. Iňlis dilinde “ing” goşulmasy dowam edýän hereketi aňladýar. Ýagny, marketing - satuw bazary bilen işlemeklik. Onuň ýeke-täk maksady - girdeji gazanmak.

Şeýlelik bilen, marketinge satuw bazarynda girdeji getirýän islendik hereket bilen baglap bolar. Şeýlelikde, bu adalgany dogry düşünmegiň iň aňsat usuly.

Size pul gerekmi? Diýmek siz marketingi bilmeli. Galyberse-de, satuw bazary – siziň girdejiňiziň ýeke-täk çeşmesidir.

Gowşak we akylsyz adam bir mesele bilen ýüzbe-ýüz bolanda, ol tizligini peseldýär ýa-da hatda saklanýar. Güýçli we başarnykly adam bir mesele bilen ýüzbe-ýüz bolanda, ol tizligi we edýän tagallalarynyň mukdaryny iki esse  köpeldýär.

Marketingde, güýjüň mukdaryny iki esse köpeltmek bazary ösdürmek bolardy. Telekeçileriň köpüsi bolsa ýetmezçilik (krizis) döwründe mahabatyň mukdaryny azaldýarlar.

Haçan we haýsy mahabatda tygşytlylygy ulanmaly? Hiç hili girdeji getirmeýän we iň azyndan az girdeji bilen öwezi dolunmaýan mahabaty (we oňa sarp etmekden ýüz öwürmek) hökmany ýagdaýda ýatyrmaly. Ýitgili mahabat ÝATYRYLMALY.

Emma onda näme galar?

Girdeji getirýän mahabat. Ýa-da mahabat däl, bazara çykarmaklyk boýunça girdejili hereketler.

Peýdasyz mahabatlary ýatyran bolsaňyz, mahabat býujetiňizi şol mukdarda azaltmaly bolarsyňyzmy? Belki, hatda ony düýbünden ýatyryp, puly dolanyşyga goýbermelidir?

Ýok, ýok we ýok. Siz mahabat býujetiňizi köpeltmeli. Iki ýa-da üç esse köpeltmeli we ony diňe pul getirýän mahabat usullary üçin ulanmaly.

Eger-de siz tigir sürýän bolsaňyz we ýol birden ýokaryk çykyp gitse, siz pedaly ony taşlamagyň ýerine oňa iki esse güýç bilen agram salmaly bolarsyňyz. Eger-de siz asla islendik bir ýere ýetmek isleseňiz.

Krizisde siziň has köp goşmaça bäsdeşleriňiz peýda bolýar - adam diňe siziň göni bäsdeşiňize däl-de, düýbünden başga bir zat üçin pul harçlamagy saýlap biler. Sebäbi pul has hem azaldy we müşderi indi “ýapon ýa-da hytaý kondisionerini” saýlaman, onuň deregine “men kondisioner satyn almaly ýa-da lukmana tölemeli (eşik, iýmit, tigir satyn almaly)” saýlar. Sebäbi ol ikisine ýetirip bilmez. Öň bolsa ýetirip bilýärdi.

Siz näme üçin hut sizden satyn almalydygyny we hut bu aýratyn satyn almanyň häzirki wagtda müşderä näme üçin möhümdigini has gowy delillendirip bilmeli.

  • Satuwda (aýratyn satuwda) we marketingde (köpçülikleýin satuwda) hünär derejesi ýokary bolmaly.

Dynç almagyň wagty geldimi? Has gowy pikirleniň. Güýç ýygnamagyň wagty. Hawa, ýene-de.

Bu bir kynçylyk döredýär: hiç hili mahabat çäresi islenýän netijäni bermese näme etmeli? Ähli netijesiz mahabatlary ýatyrylanda, ähli mahabatlaryň netijesizligi sebäpli onuň dolylygyna ýatyrylmagyna getirse näme etmeli?

Bu ýagdaýda siz grek filosoflarynyň iň akyllysy hasaplanylýan Sokrat ýaly paýhasly bolmaly. Ony şeýle paýhasly eden esasy pikir - hiç zady bilmeýändigi we oňa düşünýändigi barada pikir, beýlekiler bolsa, hiç zat bilmeýärler, emma bilýändirin öýdýärler. Siz marketingde hünäriňiziň ýeterlik derejede däldigine we ony gyssagly, has dogrusy iş ýüzünde kämilleşdirmelidigine düşünmeli.

Siz wideo görüp, internetde bilim alyp bilersiňiz. Emma hünär derejesini ýokarlandyrmagyň bu usuly hiç haçan hünärmeni döretmez. Pese gaçýan bazarda bolsa dilettant bolmak ýeterlik däl - diňe ösýän ykdysadyýet hakyky başarnygyň ýetmezçiligini bagyşlaýar.

Men bu prosese goşandymy goşdum we adamlaryň hakyky başarnyklary tapjak ýeriniň bolmagyny üpjün etdim. Birnäçe ýyl dowamynda bu gurallary iş ýüzünde öwredýän “Hünär Marketing” programmasy işlenip düzüldi we synag edildi. Bu çykdajylary girdejiler bilen öz-özi ödeýän maksatnama, sebäbi oňa gatnaşyjylar birnäçe hepdäniň içinde öz satuw bazary bilen baglanyşykly 300-den gowrak marketing çäresini ýerine ýetirýärler we göni işiň dowamynda goşmaça pul gazanýarlar. Synag örän ýönekeý – siz pul gazanmaly.

Bazarda marketing we hünär ussatlygyna hut şular ýaly çemeleşme bolmaly: girdeji bar - marketing düşünjesi bar. Girdeji ýok - düşünje ýok. Bu, netijäniň aýdyň we düşnükli bolan iň anyk mowzuklaryndan biridir: pul.

Size haýsy mahabat çäreleriniň edil şu wagt pul getirýändigine serediň. Olary güýçlendiriň, olara has köp pul sarp ediň. Peýdasyz hereketleri dolulygyna goý bolsun ediň. Olary hut şu wagtda pully müşderileri özüne çekýän döwrebaplary bilen çalyşyň. Eger-de siz haýsy gurallaryň netije berjekdigini anyk bilýändigiňize göz ýetirmeseňiz – hünäriňizi mümkin boldugyça gysga wagtda ýokarlandyryň. Bu, meselä azajyk üns berilse asla kyn däl.

Maslahatça sorag beriň

Biz siziň islendik soragyňyza jogap bereris.

Esasy boşluklary dolduryň
Esasy boşluklary dolduryň
Esasy boşluklary dolduryň