Arassanusga

HIL. INNOWASIÝA. ÇÖZGÜT

Siziň ygtybarly korporatiw maslahatçyňyz

Işewürlik esasynda dostlukmy ýa-da dostluk esasynda işewürlikmi?

Image

Geliň bu pikiriň dogrumy, dälmi we näme üçindigine bileliň.

Işewürlik boýunça dostluk – bu işdeşleriň ýa-da hyzmatdaşlaryň haýsydyr  biri bilen iş gatnaşyklary ýönekeý işewürlik - tanyşlygyndan has hem berkäp şeýle bir güýjemegi. 

Sizi diňe – bir umumy iş we hünär gyzyklanmalary baglaman, eýsem beýleki ýagdaýlar hem baglap başlaýar: siziň umumy gymmatlyklaryňyz, durmuşa ýakyn garaýşyňyz we ş.m. peýda bolýar. Psihologlaryň bellemigine görä, bular ýaly gatnaşyklar – şahsy gatnaşyklaryň torynda iň berk we ygtybarlylar, olar köp ýyllar dowam edýärler we hatda siziň bilelikdäki işiňiziň tamamlanan wagty olar bes etmeýärler.

Şol bir wagtyň özünde, bu dostluk işewürlik- hyzmatdaşlyk şertlerinde ösýär we siz birek-biregiňiziň iş häsiýetleri we hünär derejesi barada gowy bilýärsiňiz. Galyberse-de, siz ilkinji nobatda, işlemek we hyzmatdaşlyk etmek üçin amatly bolan kärdeşleriňizi dost hökmünde saýlarsyňyz.

Ýene bir zat – siziň köne dostlaryňyz ýa-da garyndaşlaryňyz bilen işlemeli (iş gurmaly ýa-da işe almaly) bolan ýagdaýyňyz. Şahsy aragatnaşyklara esaslanýan işewürlik örän kyn mesele. Köp telekeçiler beýle işgärleriň has az netijelidigini we gowy işlemäge çalyşmaýandygyny boýun alýarlar. Olar bilen, esasan hem berk çäreleri talap edýän meseleleri çözmek kyn; mundan başga-da, peýdasyz işçilerden dynmak örän kyn - ahyrynda olar köne tanyşlar! Mysal üçin, dostlaryň we ýakynlaryň bütin işewürligi batyryp biljegi barada öz blogynda aýdýan tanymal bankir Oleg Tinkow şular ýaly pikirlenýär, şeýle hem, bu trendiň häziki zamam Russiýada örän bellidigine gynanjyny bildiýär.

Käbirleri bolsa, işewürlikde ynanyp boljak adamlaryň – ýakynlar we dostlar diýip hasaplap, başgaça nygtaýarlar. Bu, elbetde, uly goşantdyr, emma has gowusy – siziň ýakynlaryňyzyň zerur hünär ussatlygy bolan ýagdaýynda: üstünlikli taslama üçin işgärleriň başarnyklary möhüm ähmiýete eýe bolýar.

Şeýlelik bilen, peýdaly iş gatnaşyklaryny guruň we güýçlendiriň: näçe köp umumy gymmatlyklary tapsaňyz, şahsy baglanyşyklaryňyz şonça-da ýakyn we berk bolar. Elbetde, şahsy aragatnaşyklaryň üstünde hem yzygiderli işlemeli – hut siziň garyndaşlaryňyz we ýakynlaryňyz şahsy durmuşyňyzyň diregi bolup durýarlar. Şeýle-de bolsa, ýakynlaryňyzyň öňünde bolan hususy borçlaryňyz sebäpli maşgala gatnaşyklaryny iş ugruna geçirmeli däl: ilki bilen, adamyň munuň üçin zerur bolan hünäriniň bardygyna göz ýetiriň.

Rokfelleriň sözlerini ýatdan çykarmaň – ahyry soňunda, tejribeli telekeçi hemişe bolşy ýaly dogry aýdýar!

Maslahatça sorag beriň

Biz siziň islendik soragyňyza jogap bereris.

Esasy boşluklary dolduryň
Esasy boşluklary dolduryň
Esasy boşluklary dolduryň