Ilki bilen, biz size öz hyzmatdaşlarymyzyň we toparymyzyň adyndan siziň kompaniýaňyza, öz hünär hyzmatlarymyzy hödürlemekde döredip beren mümkinçilikleriňiz üçin minnetdarlygymyzy bildirmek isleýäris.
Bu teklibi kompaniýamyzyň hyzmatlarynyň gysgaça beýanyny, tejribelerimiz we hünärmenlerimiz barada maglumatlary, teklibde göz öňünde tutulýan gatnaşygyň we tölegleriň gerimini size dykgatyňyza ýetirýäris. Teklibiň umumy mukdarynyň hasaby, hyzmatlara gatnaşýan hünärmenleriň gatnaşygy, möhleti we derejesi, şol sanda özara hyzmatdaşlyklar üçin aýratyn zerurlyklar baradaky häzirki düşünişimize esaslanýar.
Biz siziň bilen işlemäne bolan mümkinçiligimize örän şat we geljekde özara hünär gatnaşyklarymyzy ösdürjekdigimize berk ynam bildirýäris. Eger siz-de teklibe degişli sorag ýüze çykan ýagdaýynda, islendik wagt görkezilen telefon belgilerimize jaň etmegiňizi : +993 (12) 75 44 52 ýa-da +993 (61) 64 86 05, ýa-da elektron poçtanyň üsti bilen gözkezilen salga: info@arassanusga.сom hat ugradyp habarlaşmagyňyzy haýyş edýäris.
Has giňişleýin maglumatlar üçin arassanusga.com web sahypamyza girip görmegiňizi haýyş edýäris.
Hormatlamak bilen,
“Arassa nusga” hojalyk jemgyýetiniň topary.
“Arassa nusga” hojalyk jemgyýeti (HJ) siziň kompanyýaňyza üç ugur boýunça hyzmatlaryny hödürleýär:
Kärhananyň bölümleriniň funksiýasyny täzeden dikeltmek boýunça maslahatlar;
ERP Logo dolandyryş ulgamynda dogry hasaby we täze gurluşlary emele getirmek üçin standart operasion proseduralary işläp düzmek;
Işgärleriň başarnyklaryny we hünär derejelerini ýokarlandyrmak üçin treýn-konsultasiýa çärelerini geçirmek;
Aşakdaky görkezilen hyzmatlar 1-nji tapgyryňdowamynda alnyp baryljak işleriň sanawy.
Dolandyryş hasaby ulgamyny we gözegçilik usullaryny ösdürmek üçin meýilleşdirilen işleriň sanawy:
Taslamanyň jikme-jik çäklerini, maksatlaryň sanawyny kesgitlemek we olary kompaniýanyň ösüş strategiýasy bilen birleşdirmek we syýasatyň esasy ýerlerini kesgitlemek üçin ýolbaşçylar we kompaniýanyň eýeleri bilen söhbetdeşlik geçirmek;
ISO halkara standartlaryna laýyklykda kompaniýanyň iş prosesleriniň içerki barlagyny geçirmek;
HR gurallaryny ulanyp, kompaniýanyň işgärleriniň hünär derejelerine we başarnyklaryna baha bermek;
Dolandyryş hasabynyň esaslary” atly temada treýn-konsultasiýasy;
Meýilleşdirilen üýtgeşmelere we deslapky resmileşdirmäge (ösüş strategiýasy we esasy syýasatlar) taýýarlyk görmek üçin gözegçilik we maliýe bölüminiň işgärleri we ähli bölümleriň ýolbaşçylary bilen "Strategiki dolandyryşa giriş" atly treýn-konsultasiýasy;
"CANVAS usuly bilen kärhananyň biznes modeliniň shemasyny kesgitlemek" temasy boýunça workshop;
“Kompaniýanyň öňde goýulan strategiýasyny ýetmek üçin SMART we OKR usulýetini ulanmak” temasy boýunça treýn-konsultasiýasy.
“Kärhananyň biznes-proseslerine ISO 9001 halkara standartlaryň tejribelerini girizmek” temasy boýunça treýn-konsultasiýasy
*** Treýn-konsultasiýalar gutarandan soňra kärhananyň işgärlerine ýokardaky çärelere gatnaşandykalary üçin ýörite sertifikatlar bilen üpjün ediler.
Logo programmasyndaky häzirki hasap ulgamyna çuňňur analiz geçirmek
Standart operasion proseduralary işläp düzmek
Satyn alma
Satyn alyş syýasaty (Üpjün edijini dolandyrmak :gözleg, baha bermek, üpjün edijini saýlamagyň ölçeglerini kesgitlemek, üpjün edijiler bilen işlemek üçin şertleri kesgitlemek)
Täze üpjün edijini açmagyň iş şertleri we dolandyryş ulgamynda täze üpjün edijini açmagyň tertibi barada ylalaşmagyň proseduralary.
Hasap ulgamyna zakazlary ýerleşdirmegiň tertibi (satyn alyş zaýawkalary işläp düzmek)
Karzy gözegçilik tertibi we üpjün ediji bilen hasaplaşmagyň proseduralary.
Ammar we onda harytlaryň saklanylyşy:
Ammara harytlary kabul etmegiň prosedurasy
Harytlary identifikatlaşdyrmagyň prosedurasy
Brak harytlary dolandyrmak
Ammarda rewiziýa geçirmegiň proseduralary
Müşderlere ammarlardan harytlary ýüklemegiň we eltip bermegiň proseduralary
Kassa
Kassirlaryň pullary kabul etmegiň we kassadaky pul serişdeleriň sferka etmegiň prosedurasy
Logo hasap ulgamyna kassa maglumatlary girizmegiň proseduralary
Maliýe
Promoaksiýalaryň, bahalandyryşyň we bahalary kesgitlemegiň syýasaty
Kreditleri bermek; Kredit syýasaty
Pullary kabul etmek
Aşakdaky görkezilen amallara hasabatlary işläp düzmek:
Ammardaky galan harytlar
Harytlaryň hereketi
Kontragentleriň bergileri
Pul serişdeleriň hereketi
Girdejililik hasabatlary
Birinji tapgyryň taslamalaryň işi boýunça umumy bahasy – 220 000TMT
Taslamanyň dowamlylygy: 6 aý
Bellik 1: Ýokardaky agzalyp geçirilen ähli dokumentleriň we proseduralaryň işläp düzilen wagtynda konsultasiýalar yzygiderli geçiriler.
Bellik 2: Dolandyryş hasabyny ulgamyny ornaşdyrmak we standart proseduralary işläp düzmegiň dowamynda kompaniýa özbaşdaklygyny, guramaçylyk gurluşyny we döredilen däplerini ýitirmeýär.
Ýokarda agzalyp geçilen birnäçe işler parallel ýagdaýda ýerine ýetiriler.
Işe ýerine ýetirmäge başlamazdan ozal, müşderi aşakdaky şertleri üpjün etmelidir:
Bar bolan maglumatlar bazasyna we ýerli tora aralaşmak
Konsultantlar bilen bilelikde iş alyp barmak we standart operasion proseduralary işläp düzmek üçin müşderi tarapyndan jogapkär adamy we we proýekti iş ýüzüne geçirmek üçin jogapkär topary bellemek
Kärhananyň jogapkär işgärleri tarapyndan proseduralary ýerine ýetirmek
Gatnaşyjy işgärleriň ylalaşylan seneler we wagtlar boýunça treýn-konsultasiýalara gatnaşmak
Ulgamy zerur formatda girizmek üçin iň täze başlangyç maglumatlary bermek
Geljekki okuwlarya gatnaşmak mümkinçiligi bolan iň pes hünär talaplaryna laýyk gelýän işgärler
Proýekti ýerine ýetirijiniň borçlaryna degişli däl punktlar:
Konsultantlar maslahat berýärler we standart operasion proseduralary işläp düzmekde bilelikde hereket edýärler, ýöne şol proseduralaryň iş ýüzüne geçirmekde jogapkärçilik çekmeýäris.
Maslahat beriş işinden soň adam faktorlary (işden aýrylmak, işgäri çalyşmak ýa-da ýerine ýetirilen dolandyryş hasaby ulgamy bilen işlemekden doly ýüz öwürmek) sebäpli hasap ulgamynyň işlemegine kepil geçmeýäris.
Programmanyň dogry işlemegi üçin zerur maglumatlaryň ähli mukdaryny girizmegiň dogrulygy, ýerlikliligi, ygtybarlylygy we öz wagtynda bolmagy üçin jogapkärçilik çekmeýäris.
Şeýlelik bilen, ahyrky netijäniň jogapkärçiligini siziň bilen paýlaşýarys.