Diagnostikanyň netijeleri

Awtomatlaşdyrylan dolandyryş ulgamy

Halkara ISO standartlaryny girizmek

Elektron marketing

Logistikany dolandyrmak

Satuwlary dolandyrmak

 

HJ «AK GAÝA» ÜÇIN BAŞLANGYÇ DIAGNOSTIKANYŇ GEÇIRILIŞI BARADA HASABAT

 

HJ «Ak Gaýa» üçin başlangyç diagnostikanyň geçirilişi barada hasabat

 

 

 

Geçirilen senesi: 10.09.2021

15:00-17:30

Bu hasabat häzirki sistemada kämilleşdirmek üçin ýüze çykarylan zonalary beýan
edýär we olarda zerur üýgteşmeleriň girizilmegi üçin gysga teklipleri berýär.

 

 

 

 

 

Taýýarlandy: 16.09.2021 г.

Aleksandr Petrosow

Bu email salgysy spamlardan goranýar. Görmek üçin JavaScript Administrator tarapynyň doly işleýişi üçin hökman işletmeli bolarsyňyz.

 

 

 

Sözbaşy

Sargyt edijiniň ýüzlenmesi 3

Ekspress-diagnostikanyň geçirilişi 4

Kämilleşdirmegi talap edýän ýüze çykarylan zonalar. 5

  1. Dolandyryş hasabynyň ulgamy we oňa gözegçilik. 5
  2. Maliýe hasabatlylygy we biznes eýeleri hem-de ýolbaşçylary üçin maglumatlaryň aýdyňlygy. 5
  3. Bahalandyryş we bahalara, arzanladyşa gözegçilik. 6
  4. Kredit syýasaty. 6
  5. Işde maglumat ulgamynyň peýdalanylyşy 6
  6. Işgärleriň hünär derejesi we olaryň kämilleşdirilişi 7
  7. Satuwyň kanallary. 7
  8. Assortimentiň we onuň görkezilişiniň emele getirilişi 8

Jemleme. 9

 


 

Sargyt edijiniň ýüzlenmesi

“Ak Gaýa” kompaniýasynyň ýolbaşçylary, kompaniýanyň häzirki işleri we ERP Logo Tiger 3 dolandyryş hasap programmasynyň işjeň wersiýasy barada biznes maslahatyny almak boýunça ýüz tutdylar.

2021-nji ýylyň sentýabr aýynyň başynda “Ak Gaýa” kompaniýasynyň wekilleri üçin bilen esasy islegleri we talaplary anyklamak üçin birnäçe duşuşyklar geçirildi. Duşuşyklara kompaniýanyň adyndan biznes eýesi hem-de sargyt ediji hökmünde Myratdurdy gatnaşdy.

Şeýle hem, kompaniýanyň ýolbaşçylaryň teklibi bilen internet arkaly Türkiýeden Ufuk atly kompaniýanyň wekili bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Diagnostikanyň dowamynda “Ak Gaýa” kompaniýasynyň dürli önümçilik desgalaryna we öz dükanlarynyň toruna eýe bolan Holding kompaniýasydygy mälim edildi. Birinji etapda, müşderi özüni maslahat hyzmatlary almakda diňe dükanlaryň zynjyry bilen çäklendirmek kararyna geldi, ýöne talaplaryň biri ulgamyň uly göwrümliligi bolup, geljekde tutuş Holdingiň işini bu maslahat  hyzmatlaryna birikdirip bolar.

“Ak Gaýa” kompaniýasyna göra kämilleşdirmegi talap edýän bellenilip geçilen esasy zonalar:

  • Kompaniýanyň hasap programma üpjünçiligi bolan Logo Tiger-i täzelemeli;
  • Hemme dükanlaryň hasaba alnyşyny bir ulgamda merkezleşdirmeli;
  • Dükanlardaky hasap işini birleşdirmeli;
  • Mümkin bolsa, dükanlarda işlemek üçin göçme terminallary (портативные терминалы) ornaşdyrmaly;
  • Esasy işiň öndürijilik görkezijileri (KPI-leri) yzarlamak maksady bilen dolandyryjylar we biznes eýeler üçin dolandyryş panelleri döretmeli;

Bölüm müdiri agzalyp geçilen meseleleri çözmek üçin goşmaça teoretiki we amaly maslahatlary almagy isleýändigini we hyzmatdaşlyga taýýardygyny bilýär.

09.10.2021 senesinde “Arassa Nusga” kompaniýasynyň maslahatçylar topary tarapyndan “Ak Gaýa” kompaniýasynyň merkezi dükanynda, ammarynda we satyn alyş bölüminde ekspress-diagnostikasy geçirildi.

Diagnostikanyň esasy maksatlary:

  • Bellenilip geçilen kämilleşmegi talap edýän sebäplere has giňişleýin düşünmek;
  • Häzirki tehniki üpjünçiligiň ýagdaýyna düşünmek;
  • Proýekti iş ýüzüne geçirmegiň mümkiçiligine täsir edýän beýleki faktorlary kesgitlemek;
  • Biznes-prosessleriň we dolandyryş ulgamynyň ýagdaýyna düşünmek;
  • Söwda we dolandyryş bölüminiň işgärleriniň işine barlamak;
  • Häzirki ýagdaýa we kämilleşmegi talap edýän üçin ugurlara düşünmek üçin işgärler bilen söhbetdeşlik etmek;
  • Işiň netijeleliginiň ýerine ýetirilişine önüm toparlarynyň we kategoriýalarynyň ýerleşişine baha bermek;
  • Dolandyryş hasabyny ýöretmek üçin problemaly ugurlary özbaşdak tiz öwrenmek;

Ekspress-diagnostikanyň geçirilişi

AkGaya dükanlary üçin maslahat beriş programmasyny düzmek üçin zerur bolan esasy meseleleri kesgitlemek üçin deslapky ekspress-diagnostikanyň geçiriliş tertibi:

  1. Dükanyň dolandyryjysy Myratdurdy bilen dolandyryş hasabynyň häzirki gurluşyna, daşarky müşderiler bilen özara gatnaşyk nokatlaryna we başlangyç maglumatlaryň giriş ulgamlaryna düşünmek üçin duşuşyk geçirildi;
  2. Kulyýew köçesiniň aýlaw ýolundaky merkezi dükan kassa terminallarynyň işleýiş ulgamlaryny ýüzleýin gözden geçirildi;
  3. Kassa ýygymynyň gündelik işi, sarp edijiler üçin bahalary kesgitlemegiň we olaryň işine gözegçilik etmegiň temasy boýunça kassada işleýän işgärler bilen söhbetdeşlik geçirildi;
  4. Ulgamdaky maglumatlaryň ygtybarlylygyny seljermek üçin çalt analiz geçirildi (Balans, kassir, müşderileriň bergileri);
  5. ERP LOGO bilen işleşende ygtyýarlyklaryň we elýeterliligiň çäklendirmeleri (разграничения полномочий и доступов) barlandy;
  6. Ammara gözegçilik mümkinçiliklerine baha berildi;
  7. Söwda meýdançasynyň işgärleri, ammar başlygy we bölümçeleriň başlyklary bilen söhbetdeşlik geçirildi;
  8. Dükanda hasabyň ýöredilşine we harytda ştrih kodlaryň goýulyşyna, satyn alyş bölüminiň işine ýüzleýin seredilip geçildi we bölümiň işgärleri bilen söhbetdeşlik geçirildi;
  9. Işgärleriň işiniň esasy wezipelerini kesgitlemek, işgärleriň jogapkärçilik ugurlaryna we olary kämilleşdirmek üçin mümkinçiliklere düşünmek üçin kompaniýanyň satyn alyş bölümi bilen söhbetdeşlikler geçirildi;
  10. Häzirki nyrh ulgamy, satyn alyş prosesi we haryt üpjün edijilere töleg barada sorag-jogap geçirildi
  11. Häzirki hasap ulgamynda sorag-jogap söhbetdeşligi geçirildi;
  12. Maglumatlar bazasyndaky maglumatlaryň derňewi edilip bilnerdi, ýöne geçirilmedi.

Ekspres-diagnostika gatnaşyjylar:

1. Aleksandr Petrosow - «Arassa Nusga» HJ direktory

2. Gulşat Petrosowa - «Arassa Nusga » HJ bilelikdäki esaslandyryjysy

3. Tatýana Lapko - «Arassa Nusga » Maliýe direktory

4. Roman Ikonnikow - IT we logistika boýunça menejer

5. Andreý Dýakonow - Söwda menejeri

6. Anna Nikolaýewa - Biznes – konsultant

7. Balkan Çaryýew - Biznes – konsultant

 

Ýüze çykarylan riskleriň kategoriýalary:

Howply risk - tutuş kompaniýayň işine howp salýan we ýokary derejeli dolandyryşyň aýratyn ünsüni we gatyşmagyny talap edýän möhüm otrisatel netijelere we ýitgilere sebäp bolýan töwekgelçilik;

Ýokary risk– otrisatel netijeler we gyssagly düzedişleri talap edýän ýokary maliýe töwekgelçiligi;

Orta risk – kompaniýanyň öňde goýan maksatlaryň we garaşmalaryň üýtgemegine mejbur edýän potensial girdejini ýitirmegiň ýaramaz netijelerine eýe bolan töwekgelçilik.


 

Kämilleşmegi talap edýän ýüze çykarylan ugurlar

  1. Dolandyryş hasabynyň ulgamy we oňa gözegçilik

Häzirki wagtda maddy gymmatlyklary we pul serişdeleriň herekedi we olary saklamak üçin bitewi gözegçilik we hasaba alyş ulgamy ýok. Dolandyryş amallary ýüze çykmaýar ýa-da ýerine ýetirilmeýär, ýa-da prosesiň diňe bir bölegi üçin ýerine ýetirilýär we belli adamlara düýpli bagly bolup durýar.

Çalt barlag, bar bolan maglumatlar bazasyndaky galyndylar we bergiler baradaky maglumatlaryň hakykat ýüzündäki bar bolan maglumatlar bilen hiç hili baglanyşygynyň ýokdugyny görkezdi.

Diňe satyn alyş bölümine gelip ýeten nagt pul akymyna gözegçilik edilýär;

Hasap programmasyna giriş çäklendirmesi ýok (ammar, kassir, operatorlar doly ygtyýarly we maglumatlary öz islegi boýunça üýtgedip bilerler);

Rewiziýa ulgamlaýyn çemeleşme ýok (rewiziýa geçirmek üçin meýilnama ýok, rewiziýanyň netijelerine esaslanýan proseduralar ýok);

Logo Tiger programmasy hemişe dogry ulanylanok.

Risk faktory:

Howply risk. Häzirki wagtda we geljekde uly göwrümli maliýe ýitgilere sebäp bolmak ähtimallygy bar.

Ulgamy kämilleşdirmek üçin teklipler:

  1. Maliýe hasabyny ýöredýän we biznese gözegçilik bölümini döretmek;
  2. Bölümleriň funksiýalaryny gaýtadan gurmak;
  3. ISO 9001:2015 standartlaryna laýyklykda ähli esasy prosessleri we proseduralary ýazmak.
  4. Maliýe hasabatlylygy we biznes eýeleri hem-de ýolbaşçylary üçin maglumatlaryň aýdyňlygy.

Maliýe hasabaty dükan tarapyndan öz derejesinde alnyp barylýar we mundan beýläk maglumatlaryň ygtybarlylygy we deňeşdirmeleri çuňňur seljerilmeýär.

Maliýe netijeleri baradaky wagtlaýyn maglumatlar Logo programmasynda hasabat görnüşinde alnyp barylýar, ýöne menejerler tarapyndan maglumatlary programmadan çykarmak we seljermek we olary peýdalanmak gaty köp wagt talap edýär.

Üpjün ediji, SKU ýa-da harytlaryň kategoriýasy derejesinde peýdalylyk seljermesi gözegçilik edilmeýär.

Risk faktory:

Howply risk. Mümkin bolan nädogry dolandyryş kararlary, çalt üýtgeýän iş gurşawynda telekeçiligiň düşewüntliligine we peýdalylygyna düşünmezlik ýagdaýy ýüze çykyp biler.

Ulgamy kämilleşdirmek üçin teklipler:

  1. Ýolbaşçylaryň we dolandyryjylaryň her derejesi üçin maliýe ulgamlaryny goşmak bilen esasy öndürijilik görkezijileri (KPI) üçin gözegçilik ulgamyny döretmek;
  2. Biznes eýeleri we ýolbaşçylar  üçin öndürijilik görkezijilerini (KPI) yzarlamak  üçin ykjam programma döretmek.

 

 

  1. Bahalandyryş we bahalara , arzanladyşa (скидка) gözegçilik

Bahalar (başlangyç we iň pes) bir işgär tarapyndan tassyklanan nyrh syýasatyny ulanman tötänleýin kesgitlenilýär;

Walýuta bilen satyn alnan harytlar yzarlanýar we walýutanyň kursyna  baglylykda bahalar kesgitlenilýär;

Dükanlarda manat hasabynda  satyn alnan harytlaryň bahasy walýutanyň kursunyň üýtgemegine (hususy kapitalyň netijesiz ulanylmagy) bilen üýtgedilmeýär;

Arzanladyşyň mukdary göterim görnüşinde kesgitlenilmeýär, harytlaryň bahasy nädogry kesgitlenen ýagdaýynda satuwda sebäp bolýar we kompaniýa üçin uly maliýe ýitgilerine sebäp bolýar.

Arzanladyş bermek barada karar bermek birnäçe adam tarapyndan tötänleýin amala aşyrylýar, käbir harytlary satmak maglumatlar bazasynda görkezilmezden amala aşyrylýar (barlag satyn alyş).

Risk faktory:

Ýokary risk. Nädogry kesgitlenen bahalar ýa-da nädogry kesgitlenen arzanladyşlar sebäpli maliýe ýitgileri ýüze çykmagy mümkindir. Karzda satyn alnan ýa-da manat üçin öňünden tölenen harytlar üçin walýutanyň kursunyň üýtgemeginden hem uly göwrümli ýitgiler bolup biler.

Ulgamy kämilleşdirmek üçin teklipler:

  1. Bitewi nyrh syýasatyny döretmek;
  2. Arzanladyşy etmegiň usulyna täzeden seretmek.
  3. Kredit syýasaty

Alnan hasaplardaky Logo programmasyndaky maglumatlar hakykata laýyk gelmeýär we derňewi we täzeden gözden geçirmegi talap edýär. Karzlaryň berilmegi ulgamlaşdyrymadyk we yzygiderli gözegçilik ulgamy ýok.

Risk faktory:

Howply risk. Işgärleriň karz şertnamalaryna gol çekilmedik müşderilere , harytlary  satmak bilen uly maliýe ýitgilere sebäp bolmagy mümkindir. Şeýle karzlaryň öwezini dolup bolmajak we tölegi yzyna gaýtarylmajak karzlar bolsa gerek.

Ulgamy kämilleşdirmek üçin teklipler:

  1. Kredit syýasatynyň döretmek;
  2. Karz alyjylardan nagt pul serişdeleri ýygnamagyň karz şertlerini, karz möhletini we proseduralaryny yzarlamak;
  3. Karzlaryň yzarlanyşyny gözegçiligini maliýe bölümine geçirmek.
  4. Işde maglumat ulgamynyň peýdalanylyşy

 Ähli dükanlaryň işini bir ulgamda merkezleşdirmek zerurdyr. Häzirki wagtda ammar dolandyryjysy bilen söwda meýdançasynyň dolandyryjysynyň arasynda harytlar üçin çäklendirilen maddy jogapkärçilik ýok. Hasap programmasy, logo programmasyna girmäge zerurlygy bolmadyk bölümleriň işgärleri tarapyndan ulanylýar. Kassiriň iş ýerinde gerekli enjam we programma üpjünçiligi ýok. Söwda maslahatçylaryň işi ykjam terminallaryň ýoklugy sebäpli optimallaşdyrylanok.

 

 

Risk faktory:

Howply risk . Hyýanatçylyk maksatly islendik işgär maglumatlara rugsatsyz girip biler - ony çalşyp ýa-da ýok edip biler. Kompaniýanyň işi, söwdasy, girdejisi barada maglumatlaryň ogurlanmak howpy ýokary. Kompaniýanyň maglumatlary döwlet edaralarynyň we bäsdeşleriň eline geçip biler. Işgärler harytlaryň ogurlanmagynyň jogapkär adamy tapmak ukyby bolmazdan amala aşyrylyp bilinjekdigine we ulanyp biljekdigine düşünýärler.

Ulgamy kämilleşdirmek üçin teklipler:

  1. Logo Tiger 3 merkezleşdirilen hasap ulgamyny ornaşdyrmak;
  2. Programmanyň ulanyş usulyna we ýörelgelerine täzeden seretmek;
  3. Programma ähli işgäleriň aralaşmagyny çäklendirmek;
  4. Kassa enjamlary we ykjam terminallar üçin ýörite programma üpjünçiligini gurmak.
  5. Işgärleriň hünär derejesi we olaryň kämilleşdirilişi

Dükanyň söwda meýdançasynda işleýän söwda maslahatçylary bilen geçirilen söhbetdeşlikde täze işgärler üçin giriş okuwy we görkezmeleriň ýokdugy aýan edildi. Täze söwda maslahatçylary dükanyň önümini we aýratynlyklaryny özbaşdak öwrenýärler. Mundan başga-da, işgärleri işe alanda hünär derejesiniň kriteriýalary kesgitlenmedikdigi anyklandy.

Ähli derejedäki işgärleriň jogapkärçiligi we borçlary düzgünleşdirilmedik. Şeýlelikde, mysal üçin, kompaniýada kassir-buhgalteriň wezipelerini ýerine ýetirýän, sargytlary alýan we müşderilere hyzmat edýän, sargytlara hyzmat edýän, olary taýýarlaýan, köp işleýän we öz jogapkärçiliginden daşary aşa köp işleýän işgärler (aýnalary öndürmek üçin müşderi hyzmat edýän bölümi) bar.

Risk faktory:

Ýokary risk. Işgärleriň jogapkärçiligini we borçlaryny kesgitleýän düzgünleriň we görkezmeleriň ýoklugy, şeýle hem olaryň köp işlemegi çalt emosional ýadawlyga we esasy işgärleriň işden aýrylmagyna sebäp bolup biler.

Ulgamy kämilleşdirmek üçin teklipler:

  1. Işgärleriň hünär derejesini kesgitleýän ornaşdyrylan kriteriýalar bilen işgärleri dolandyrmagyň we işe almagyň prosesslerini beýan etmek we işläp düzmek;
  2. Iş görkezmeleri we/ýa-da standart operatiw proseduralary işläp düzmek (стандартные операционные процедуру);
  3. Häzirki we täze işe alnan işgärlere okuw-sapaklary we işe uýgunlaşmak üçin meýilnamalary işläp düzmek.
  4. Satuwlaryň kanallary

Häzirki wagtda “Ak Gaya” dükany diňe haryt söwdasynyň adaty usulyny (diňe dükana gelen müşderilere hyzmat etmek) ulanýar. Sosial torlarynda “Instagram” ýa-da imoda mahabatlary ýaýradýalar. Ýöne kompaniýanyň esasy müşderileri bu sahypany ulanyjylary däl.

“Ak Gaýa” onlaýn-söwdanyň ähli mümkinçiliklerinden peýdalanmaýar.

Risk faktory:

Orta riskli. Häzirki ýagdaýlary (ähli söwda nokatlaryň ýapylýandygyny) göz öňünde tutup “Ak Gaýa” kompaniýasynyň bäsdeşleriniň bazarda onlaýn-söwdanyň bu paýyny eýelemegi we kompaniýanyň ýerli bazarda bäsdeşlik ukubynyň pese gaçmaklyk ähtimallygy bar.

Ulgamy kämilleşdirmek üçin teklipler:

  1. Internet-magaziny işläp düzmek;
  2. Dolandyryş hasap ulgamy Logo bilen internet magaziny birleşdirmek;
  3. Internet-magazinyň kontenti bilen işlemek üçin SMM-e okuw sapaklary üpjün etmek.
  4. Assortimentiň we onuň görkezilişiniň emele getirilşi

Assortiment matrisasy içgi garaýyşlary esasynda alnyp barylýar. Haryt toparlary, harytlar we önümler derejesinde iň köp satylýanlar (бестселлеров), fon we likwid däl aktiwler ýörelgesine laýyklykda önümleriň ýerleşdirilmegi optimal çemeleşmäni talap edýär.

Satyn alyjylaryň söwda maslahatçynyň kömegi bolmazdan gysga wagtyň içinde önümi özbaşdak saýlamaga mümkinçiligi ýok.

Harydyň görkezilýän ýerindäki maglumatlar sarp edijä önümiň aýratynlyklary we bahasy barada öwrenmäge mümkinçilik bermeýär.

Önümiň kategoriýalaşdyryş ulgamy aýratyn ünsi talap edýär.

Risk faktory:

Orta risk. Satuw ýerleriniň optimal däl görnüşde ulanylmagy, kassa golaýyndaky meýdançasynda  satuw usullarynyň ýoklugy we impuls satyn alyş oýarýan harytlaryň kassanyň golaýynda goýulmaýandygy sebäpli garanylmadyk satuwdan ýitirilen girdeji. Pes geçýän harytlary dogry görkezmezden (ýokary hilli, ýöne pes satylýar), möhlet gözegçiliginiň ýoklugy sebäpli satuwy ýitirmek howpy ýokary. Marketiň çäginde sarp edijiniň ünsüniň ýoklugy, dükanyň ýokarky gatynda haryt satmak mümkinçiligini döredýär

Ulgamy kämilleşdirmek üçin teklipler:

  1. Haryt toparlaryň kategoriýalaryny optimallaşdyrmak;
  2. Satyn alyjylaryň marşrutyny emele getirmegi talap edilýär;
  3. Satuwyň we girdejiniň iň köp mukdaryny gazanmak üçin assortimenti emele getirmegiň usulyny ösdürmek;
  4. Pes geçýän harytlaryň möhletlerini geçen harytlary dolandyrmak;
  5. Polkalarada harytlaryň goýulyşy (baha ýazgylary, Merçendaizing);
  6. Kompaniýanyň bähbitlerini satuw bölüminiň işgärleriniň aýlygy bilen baglanyşdyrmaly. Iş hakynyň ulgamyny ornaşdyrmaly, ulgamda näsazlyk ýüze çykan halatynda işgärler munuň aýlyklaryna ýaramaz täsir etjekdigini hökman duýarlar we ýagdaýy düzedip başlarlar.


 

Jemleme

Ýokarda birnäçe kämilleşdiriş ugurlary beýan edilendigine garamazdan, “Ak Gaýa” dükany öz ugrunda jedelsiz lider bolup, müşderiniň isleglerini okgunlylygy, önümleriň giň görnüşi we ýokary hilli önüm bilen  müşderilerine ýokary derejeli hyzmat etmegiň ýokary netijelerini gazanýar.

Geçirilen diagnostikany göz öňünde tutup, içerki gözegçilik ulgamynyň gurulmagyna we biznes - prosesleriniň standartlaşdyrylmagyna üns bermegiňizi maslahat berýäris:

  • Türkmenistanyň ähli çäginde (welaýatlarda) dowamly ösüşi, kompaniýanyň giňelmegini we biznesiň giňelmegini üpjün etmek;
  • Kompaniýanyň maliýe we haryt maddy gorlaryna (запас) gözegçilik etmek;
  • Biznesiň ýolbaşçylary we eýeleri üçin ähli amallaryň aç-açanlygy üpjün etmek;
  • Opersion çykdajylary optimizirlemek we kompaniýanyň girdejisini köpeltmek;
  • Üpjün edijiler bilen özara baglanşygy bolan maliýe ulgamyny dolandyrmak;
  • Haryt gorlaryny dolandyrmak, galan harytlara gözegçilik etmek we söwdany öňünden çaklap bilmek;
  • Her harytlaryň atlary we haryt kategoriýalaryň derejesinde peýdalylyk maglumatlaryň seljermesini we hasabatyny üpjün etmek;
  • Söwda kanallarynyň dolandyrmak (bölekleýin, lomaý söwda, internet satuwlary).

 

Habarlaşmak üçin:

 

Biziň salgymyz:

744015, Turkmenistan, Aşgabat, G. Kuliýew 24.

(+99312) 75 44 80

(+99361) 64 8605

E-mail:

Bu email salgysy spamlardan goranýar. Görmek üçin JavaScript Administrator tarapynyň doly işleýişi üçin hökman işletmeli bolarsyňyz.

Bu email salgysy spamlardan goranýar. Görmek üçin JavaScript Administrator tarapynyň doly işleýişi üçin hökman işletmeli bolarsyňyz.

Bu email salgysy spamlardan goranýar. Görmek üçin JavaScript Administrator tarapynyň doly işleýişi üçin hökman işletmeli bolarsyňyz.

Bu email salgysy spamlardan goranýar. Görmek üçin JavaScript Administrator tarapynyň doly işleýişi üçin hökman işletmeli bolarsyňyz.

Bu email salgysy spamlardan goranýar. Görmek üçin JavaScript Administrator tarapynyň doly işleýişi üçin hökman işletmeli bolarsyňyz.

Bu email salgysy spamlardan goranýar. Görmek üçin JavaScript Administrator tarapynyň doly işleýişi üçin hökman işletmeli bolarsyňyz.

Bu email salgysy spamlardan goranýar. Görmek üçin JavaScript Administrator tarapynyň doly işleýişi üçin hökman işletmeli bolarsyňyz.

Website:

www.arassanusga.com